HABARLAR

Ykdysady ösüşde tehnologiýalaryň orny

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalardyr dürli ugurlara degişli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, ýagny sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ulgama geçilmegi maliýe bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasynda özara gatnaşyklaryň düýpli özgerdilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hyzmatlaryň dessinliginiň artdyrylmagyny hem-de hyzmat etmegiň alternatiw usullaryny ulanmak arkaly müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri hakynda oýlanyp otyrkaň, dünýäňi iň ýakymly duýgular gurşap alýar. Şeýle bolansoň, onuň ähmiýetinden, eçilýän eşretinden söz açasyň gelip durýar. Meniňki hem şoňa bardy. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyndan alan karz pulumy her aýyň başynda banka gatnap töläp ýörkäm, birdenem kellämde sowal äheňli pikir peýda boldy. Şonuň esasynda-da, öz-özüme maslahat berip: «Eýsem-de, sanly ulgamyň ýola goýlup, ýokary depgin bilen ösdürilýän döwründe näme üçin banka gatnap ýörün?!» diýdim. Haý diýmänem, iş ýerimiziň ikinji gatyndaky pul beriji enjamyň öňünde peýda boldum. Düwmelerini basyşdyryp, degişli pul serişdesini bankyň hasabyna geçirdim. Bu, elbetde, birinji gezekde o diýen ýeňil düşmedi. Ýöne ikinji gezek tölemäge baranymda oňa meniň bary-ýogy iki minut wagtym gitdi. Eger ýörite gidip töläp gelen bolsam, ol meniň azyndan iki sagadymy alardy. Sanly ulgamyň eşretini, ine, şular ýaly ýagdaýlarda has ýakyndan duýmak bolýar.

Sanly ulgam ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler we beýlekiler bilen üpjün edildi. Bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen üpjün edilýär. Internet toruna hem birikdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Bularyň ähl

Täze tehnologiýalaryň ykdysady netijeliligi

Nebitli we gazly guýularyň gurluşygy köp zähmeti talap edýän prosesleriň biri bolup, onuň hemme tapgyrlary täze buraw tehnikalarynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen baglydyr. Şol sebäpli, geljekde buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak köp babatda ylmy-tehniki ösüşiň çaltlandyrylmagy bilen kesgitlenilýär, onuň netijeleri bolsa, buraw işleriniň tehniki-ykdysady görkezijileriniň hakyky ýokarlanyşyny görkezýär. Önümçilik prosesine täze tehnikanyň ornaşdyrylmagy ahyrky netijede nebitli we gazly guýularyň burawlanylyşynyň tizliginiň ýokarlanmagyna, guýularyň gurluşygynyň möhletiniň kemelmegine we buraw işleriniň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine getirýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işlerini ýerine ýetirýän kärhanalarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň önümi bolan almaz dolotolary ulanylýar. Almaz dolotosy dag jynslaryny ýumurýan, birnäçe guýularda işlemäge ukyply we öz ätiýaçlygyny müňlerçe metre çenli çuňluklarda işläp geçýän häzirki zaman ygtybarly guraldyr. Häzirki zaman buraw dolotolary bir gatnawda diňe bir dürli görnüşli dag jynslaryny burawlamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň dürli stratigrafik bölümlerinde hem burawlamaga ukyplydyr. Almaz dolotosy dag jynslaryna täsir ediş häsiý

«Stel­lan­tis» bi­len «Ama­zon»-yň hyz­mat­daş­ly­gy giňeýär

Öň «Fi­at Chrys­ler» ady bi­len ta­nal­ýan aw­tou­lag ön­dü­rýän «Stel­lan­tis» kom­pa­ni­ýa­sy «Ama­zon»-yň ulag­la­ryn­da we bu­lut hyz­mat­la­ryn­da do­lan­dy­ryş pa­nel­le­ri üçin prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le hem «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy 2023-nji ýyl­da çy­ka­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän «Stel­lan­tis Ram Pro­Mas­ter» elekt­rik aw­tou­la­gy üçin kom­pa­ni­ýa­nyň il­kin­ji müş­de­ri­si bo­lar. «Ama­zo­n»-y «Iň go­wy bu­lut üp­jün edi­ji­si» di­ýip at­lan­dy­ran we 2030-njy ýy­la çen­li  «Ama­zon» üçin 100 müň aw­tou­lag şert­na­ma­sy ber­len «Rivian»-yň ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da sa­tu­wy 9% pe­sel­di. «Stel­lan­tis»-iň sa­tuw­la­ry, ter­si­ne, gü­nüň ahy­ry­na çen­li 4% ýo­kar­lan­dy.

«Beyond Me­at»-iň paý­na­ma­la­ry 3% gymmatlady

Çalt iý­mit el­tip ber­mek ul­ga­my «KFC»-niň tagamnamasynda «Beyond Me­at»-iň ösüm­lik to­wu­gy­ny goş­jak­dy­gy­ny mä­lim ede­n­den soň, «Beyond Me­at» al­ter­na­tiw et kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 3% ýo­kar­lan­dy. «KFC»-iň ha­ba­ry­na gö­rä, iki kom­pa­ni­ýa hem en­çe­me ýyl bä­ri tä­ze önüm­le­ri­ni sy­nag­dan ge­çir­ýär­ler. «Beyond Me­at»-iň gow­ru­lan to­wugynyň tagamnamasyna goşulmagy bilen, «KFC»-iň sargytlary hem ep-esli ýokarlandy. Iki kompaniýa ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyny şeýle dowam etmegi, şol birwagtyň özünde önümlerini alyş-çalyş etmegi ýola goýdular. 

«Sam­sung» kompaniýasy «Bio­gen»-i satyn alýar

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň «Sam­sung Group» kom­pa­ni­ýa­sy «Bio­gen» bio­teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­ny ABŞ-nyň 42 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn al­mak­ üçin gep­le­şi­k ge­çir­ýär. Bu ba­ra­da «Ko­rea Econo­mic Dai­ly» ne­şi­ri ha­bar berdi. Ne­şi­rdä­ki ha­ba­ra la­ýyk­lyk­da, ABŞ-nyň «Bio­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň umu­my ba­ha­sy, tak­my­nan, 50 tril­li­on won­dan gow­rak paý­na­ma­la­ry­ny «Sam­sung Group»-a sat­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­la­şan­dy­gy aý­dyl­ýar. Mag­lu­mat üçin, 2011-nji ýyl­da «Sam­sung» we «Bio­gen» kom­pa­ni­ýa­la­ry der­man se­riş­de­le­ri­ni iş­läp çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len, bi­le­lik­de kär­ha­na dö­ret­mek ba­ra­da yla­la­şy­ga ge­lip­di­ler.

«Tu­Simp­le» sü­rü­ji­siz ýük aw­toula­gy­ny sy­nag­dan ge­çir­di

«Tu­Simp­le» kom­pa­ni­ýa­sy aw­to­ma­ti­ki he­re­ket­len­di­riş ul­ga­my­ny dö­re­di­ji «NVIDIA» kor­po­ra­si­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňeld­ýär. «Tu­Simp­le» tä­jir­çi­lik taý­dan sürüjisiz ýük da­şa­ýan ulaglaryny ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa gys­ga wag­tyň için­de 4-nji de­re­je­li aw­to­pi­lo­ty öndür­me­gi mak­sat edin­ýär. «Tu­Simp­le»-iň ösen sü­rü­ji­siz aw­tou­lag­la­ry üçin ýö­ri­te dö­re­di­len «NVIDIA DRIVE Orin SOC» çi­pi bo­lar. «NVIDIA DRIVE Orin» mo­du­ly se­kunt­da 1 tril­lion ama­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler. Çip şol bir­wag­tyň özün­de wi­deo ýaz­gy­sy­ny, mul­timedi­ýa ul­ga­my­nyň iş­leý­şi­ni, sim­siz mo­dem­le­ri, duý­du­ryş­la­ry we ş.m. üp­jün ed­ýär. 

Ösen tehnologiýalar — kämilligiň binýady

Dünýäniň we döwrüň ösüşleriniň tizligi bilen deň gadam urýan Watanymyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we halka hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, pudaklaýyn düzümlere sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän giň telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky uly ähmiýete eýe bolan maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumatlary geçirmegiň döwletara optiki-süýümli ulgamlarynyň birnäçesi hereket edýär.

Kiberhowpsuzlyk — maglumat goraglylygynyň binýady