Hytaýyň «Huawei» tehnologiýa kompaniýasy saglyga gözegçilik edýän akylly äýnegini görkezdi. Enjam «HarmonyOS» operasiýa ulgamynda işleýär. Akylly äýnek adaty äýnegiň görnüşinde bolup, oňa diopteriýaly ýa-da reňkli, «UV» goragly linzalar dakyp bolýar. Gadjet aýdym diňlemek üçin dinamikler we jaňlara jogap bermek we sesli kömekçä ýüz tutmak üçin mikrofon bilen, şeýle-de kameralar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Äýnek 16 sagada çenli özbaşdak işläp bilýär.