Koreýa Respublikasynyň «Samsung Group» kompaniýasy «Biogen» biotehnologiýa kompaniýasyny ABŞ-nyň 42 milliard dollaryna satyn almak üçin gepleşik geçirýär. Bu barada «Korea Economic Daily» neşiri habar berdi. Neşirdäki habara laýyklykda, ABŞ-nyň «Biogen» kompaniýasynyň umumy bahasy, takmynan, 50 trillion wondan gowrak paýnamalaryny «Samsung Group»-a satmak barada şertnama baglaşandygy aýdylýar.
Maglumat üçin, 2011-nji ýylda «Samsung» we «Biogen» kompaniýalary derman serişdelerini işläp çykarmak maksady bilen, bilelikde kärhana döretmek barada ylalaşyga gelipdiler.