Wodorod awtoulag öndürijisi «Hyzon Motors» maýa goýum banky «Canaccord Genuity»-dan oňyn maslahat aldy. Geçen hepdede kompaniýanyň paýnamalary 13,64% ýokarlanyp, ABŞ-nyň 7,08 dollaryna barabar boldy. Häzirki wagtda kompaniýanyň bazar söwda dolanyşygyABŞ-nyň 1,8 milliard dollaryna barabardyr.
«Hyzon Motors»-yň öz agyr ýük awtoulag platformasy bolup, şonuň esasynda «Hymax-450» traktor bölümi we «Hymax-GSL» zibil maşyny eýýäm işlenip düzüldi. Traktoryň 450 kW kuwwatly hereketlendirijisi bolup, ol sagatda 650 km. aralygy geçmäge ukyply. Ýeri gelende bellesek, wodorod awtoulaglary dizel ýük awtoulaglary bilen deňeşdirilende daşky gurşawy arassa saklamaga ýardam berýär.