HABARLAR

Dünýäniň ýaraşygy, manysy — ene

Ene mukaddesligi — terbiýe mekdebi Zenan mukaddesliginiň iň ýokary derejesi ene mukaddesligidir. Maşgalada, çaga terbiýesinde enäniň orny, türkmen ojagynyň ýylysy, mähir eýesi hasaplanýan enäniň nusgalyk häsiýetleri mukaddeslik bolup kalplara ornandyr.

Mähir ojagy

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Ejemiň işleklisi. Göwnüme bolmasa, ejemiň hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly işlekli bişiriş usuly bardy. Çünki işlekliniň şol usulda bişirilişine soňy bilen hiç ýerde gabat gelmedim. Ejemiň nahar bişirýän ojagynyň öň (agyz) tarapynda ýer bilen gyradeň edilip, bir inedördül metr meýdança oda çydamly bişen kerpiçlerden tekiz örülendi. Kerpiçleri ojagyň agzyna golaý aralykda örmeginiň sebäbini öten-geçeniň ony basgylamazlygy üçin diýip düşündirerdi. Işlekli bişirjek mahaly şol kerpiçleriň üstüne 5-6 sm galyňlykda arassa çägäni ýazyp, onuň üstünde ojar (sazak) böleklerini üsti-üstüne tertipli örerdi. Soňra ojar oduny tutaşdyryp goýbererdi.

Döwrüň bagtyýar enesi

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Gyzylgum geňeşliginde ýaşaýan 100 ýaşly enäniň keşbini synlap, onuň mähir doly ýüzünde bagtyýarlyk döwrümize buýsanç gördüm. Tylla Orunowa 1924-nji ýylyň 15-nji maýynda gojaman Jeýhunyň sag kenarynda ýerleşýän obada dogulýar. Şol obada hem ykbal köküni urýar. Durmuşynda şol döwrüň kynçylyklary bilen birlikde köp gowulyklary gören ene obada ökde kärendeçi, pileçi hökmünde tanalyp, birnäçe gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolýar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe urşa gidenleriň yzynda jan aýaman, yhlasly zähmet çekýär. Ene kyn pursatlary özüniň gujur-gaýraty, sabyr-kanagaty bilen ýeňip geçýär. Gujur-gaýratlylygy, zähmetsöýerligi, adamkärçiligi bilen il içinde uly hormat-sarpa eýe bolan Tylla enä «Zähmet weterany» diýen hormatly at dakylýar. Ol ýoldaşy, Gyzylgum geňeşliginiň ýaşaýjysy Allaberen Hemraýew bilen dört ogul, dört gyzy terbiýeläp ýetişdirýär. Bu günki gün agtyklarynyň 50-si, çowluklarynyň 117-si, ýuwluklarynyň 17-si bagtyýar enäniň daşynda. Ol perzentleri üçin eziz hem mukaddes. Nesiller döwletli ojagyň törüni bezäp oturan enäni ellerinde göterip, başlaryna täç etmäge taýýar.

Baryňyz baharym meniň!

Ene-ata, ogul çaga dünýä inende, «Döwlet guşum», gyz çaga dünýä inende «Göwün hoşum» diýip arzylap, kemala getirýär. Onuň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuwlaýar. Özüniň ene-atalyk borjuny berjaý etmeklige çalyşýar. Çagalarynyň öz sözlerine gulak goýup, pendi-nesihat bilen iki jahanda hem ýagşy at galdyrmagyny isleýär. Oglan perzent ata, gyz perzent enä ýakyn bolýar. Ene-atanyň özlerini alyp barşy, biri-birine hormaty, garaýşy çagalaryň synçy nazaryndan sypmaýar. Maşgalada biri-biriňe sylag, mähribanlyk daş-töwerege bolan söýgini oýarýar. Perzent ulalyp kemala gelýär, durmuş ýoluna gadam basýar. Bilim alyp, hünär öwrenmek bilen, belent mertebeli ynsan bolmak baradaky ene-atanyň gulagyna guýan pentlerine uýan çagalar halkyň hezzet-hormatyna mynasyp bolýar. Terbiýe bilen bagly gürrüň orta atylanda, käbir ýaşlaryň durmuşa garaýşy göz öňüňe gelýär.

Mukaddeslik

Döwür, döwran hakda gürrüň edilende, ilki bilen, döwletimiziň goşa ganaty, jemgyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan maşgala baradaky aladalar seriňe dolýar. Ol aladalaryň ýyl geçdigiçe täze röwüşe eýe bolup, häzirki täze taryhy döwürde her bir türkmen maşgalasynyň asuda, abadan durmuşda, eşretli zamanada ýaşaýandygy baradaky hakykat kalbyňda egsilmez buýsanç döredýär. Maşgala halkymyzyň gymmatlyk hökmünde iň ezizleýän, apalaýan mukaddesligi. Çünki döwlet maşgaladan başlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz maşgalanyň ähli babatda üpjünçiligini öz üstüne alyp, bolelin ýaşamagy, nesilleriň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ösen jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda işlemegi üçin ähli amatlyklar we ýeňillikler döredilýär. Her bir ene-atanyň baş maksady edepli-tebiýeli, arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek. Beýik söz ussady Magtymguly atamyz hem kemally perzendiň ene-ata berýän nepini öz goşgy setirlerinde:

Alajadan ýasalýan gülýaka

Mähriban jigilerimiz, siz «Güneş» žurnalynyň geçen sanynyň şu sahypasynda alaja örmekligi öwrenensiňiz. Gyzjagazlarymyz alajany dürli el işlerinde hem ulanýarlar. Alaja ýakalara, elbukjanyň gyralaryna bezeg hökmünde-de dakylýar. Halydan ýerine ýetirilýän gapjyklardyr ýantorbalary hem alajasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Alajadan owadan gülýakalary hem ýasamak bolýar. Geliň, şol gülýakalary bilelikde ýerine ýetirmäge synanyşalyň! Hany onda, alajalaryňyzy we beýleki gerekli esbaplaryňyzy alyp, gülýaka ýasamaklygy öwrenmäge başlalyň! Gerekli esbaplar:

Ýaşajyk aşpezlere maslahat

Ülje şerbedi

Ýeňiljek torbanyň tikilişi

Torba üçin gerekli esbaplar: — Ini 40 sm, uzynlygy 60 sm bolan güllüje we reňklije mata bölegi

Arpyşdaklamak

Tikiniň bu görnüşiniň düşnükli bolmagy üçin köýnegiň ýakasyny mysal alalyň. Ir wagtlarda ýakanyň gyýysyna-da bir alaja işilip, berklik-owadanlyk üçin tikilerdi. Ýa-da alaja ýüpe derek ýüpegiň gowy hilini nepis işip, iňňä sapyp, ýakanyň gyrasy ýa-da gyýynyň gyrasy ilki özüňe tarap ýörmelerdi, soň bolsa onuň tersine ýörmelerdi. Şeýdip, terslin-oňlyn ýörmelende, iňňäniň girip-çykýan ýerleri birigip, ýaňky ýüpek sapakdan arynyň öýjügine, aýak yzyna meňzeş, şeýle hem hünji düzülen ýaly tikin emele gelýär. Şol tikine hem arpyşdaklamak diýilýär.

Öý bikesi öwrense...

Ýumurtgaly börek Gerekli önümler: 500 g un, 11 sany ýumurtga, 8 nahar çemçe ösümlik ýagy, ýarty desse arpabadyýandyr şibit, gaýmak, suw, duz, gara burç.