Maşgala agzybirliginiň binýady

21 Iýun 2024
868

Zenan durmuşyň güli, ýaşaýşyň dowamaty, dünýäniň zynatydyr. Türkmen halky ähli döwürlerde-de wepalylygyň, mähremligiň, gözelligiň beýik nusgasyny görkezen zenanlary ýüzüniň tuwagy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplapdyr. Pederlerimiz merdi-merdana, namysjaň, görüm-göreldeli, eli çeper zenanlara guwanypdyrlar, olara aýratyn gadyr goýupdyrlar. Bu ugurdaky asylly ýörelgeler häzirki döwürde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Şu günler hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlar toparlarynyň arasynda geçirilýän duşuşyklarda hem bular dogrusynda aýratyn nygtalýar.

«Maşgala agzybirliginiň binýady» diýen at bilen geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda öý-ojagyň agzybirliginiň berkemeginde, il-ulsuň abadançylygynyň üpjün edilmeginde, jemgyýetde sagdyn we zähmetsöýer nesilleriň kemala gelmeginde zenanlara möhüm ornuň degişlidigi nygtalýar. Şeýle-de çykyşlarda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olary durmuş ýeňillikleri bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär. Wekiller öz çykyşlarynda jemgyýetiň abadançylygyny we ösüşini gazanmakda nika we maşgala gatnaşyklaryny berkitmegiň hökmanydygyny bellediler.

Bahargül KADYROWA,
Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy.