Döwrüň bagtyýar enesi

11 Iýul 2024
419

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Gyzylgum geňeşliginde ýaşaýan 100 ýaşly enäniň keşbini synlap, onuň mähir doly ýüzünde bagtyýarlyk döwrümize buýsanç gördüm. Tylla Orunowa 1924-nji ýylyň 15-nji maýynda gojaman Jeýhunyň sag kenarynda ýerleşýän obada dogulýar. Şol obada hem ykbal köküni urýar. Durmuşynda şol döwrüň kynçylyklary bilen birlikde köp gowulyklary gören ene obada ökde kärendeçi, pileçi hökmünde tanalyp, birnäçe gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolýar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe urşa gidenleriň yzynda jan aýaman, yhlasly zähmet çekýär. Ene kyn pursatlary özüniň gujur-gaýraty, sabyr-kanagaty bilen ýeňip geçýär.

Gujur-gaýratlylygy, zähmetsöýerligi, adamkärçiligi bilen il içinde uly hormat-sarpa eýe bolan Tylla enä «Zähmet weterany» diýen hormatly at dakylýar. Ol ýoldaşy, Gyzylgum geňeşliginiň ýaşaýjysy Allaberen Hemraýew bilen dört ogul, dört gyzy terbiýeläp ýetişdirýär. Bu günki gün agtyklarynyň 50-si, çowluklarynyň 117-si, ýuwluklarynyň 17-si bagtyýar enäniň daşynda. Ol perzentleri üçin eziz hem mukaddes. Nesiller döwletli ojagyň törüni bezäp oturan enäni ellerinde göterip, başlaryna täç etmäge taýýar.

Baýrammyrat REÝIMOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar