HABARLAR

Ýaş nesliň terbiýesi

Çaga maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. Şonuň üçin türkmen halky nesil terbiýesine aýratyn üns bilen çemeleşýär. Maşgalanyň abraýy onda kemala gelen hem-de terbiýelenen çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişi, ene-atasyna we başgalara edepli gatnaşygy bilen ölçelýär. Çagalaryň özüni alyp barşy maşgalada olara berilýän terbiýä baglydyr. Maşgalada ýaş nesle zähmet terbiýesini bermek möhüm işleriň biridir. Gyz çaganyň zähmet terbiýesini guramaga ejesiniň terbiýeçilik täsiri güýçli bolsa, oglanjygyň zähmete höwesjeň bolmagynda kakanyň we özünden uly erkek doganlarynyň täsiri uludyr. Pederlerimiz bu täsiri «Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz — keýwany» diýen ýaly dana sözleriň üsti bilen beýan edipdirler. Ata-babalarymyzdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Maşgalada uly ýaşlylar tarapyndan çaga kiçiliginden, özünde zähmet çekmäge höwes döränden oňa ýeňiljek işler tabşyrylyp başlanýar. Gyzjagazlar gap-gaçlary saçaga äbermek we iýlip-içilip bolandan soň, ýygnamak ýaly işlere kömekleşýärler. Biraz ulalandan soň, olary öý işlerine kömekleşdirmek, gyzjagazlara kir ýuwmak

Öý şatlygy — toý şatlygy

Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň belende göterilen ajap çagynda welaýatyň köp çagaly bagtyýar eneleriniň 30-dan gowragyna «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, birnäçesine döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy ildeşlerimiziň şatlygyny artdyran wakalar boldy. Ak bugdaý etrabyndan öý hojalykçy Aýgül Haýidowa, Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Gunça Allanazarowa we olaryň bagtyýar maşgala agzalaryna welaýat merkezindäki 4 gatly, 48 öýli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýyndan 4 otagly öýüň açarynyň gowşurylyş dabarasy tolgundyryjy pursatlara beslendi. Täze ýaşaýyş jaýynyň öňündäki, döwrümiziň döredijilik ruhunda, toý öwüşgininde birkemsiz bezelen giň meýdançada şatlyk-şowhun höküm sürdi. Ol ýere bagtyýar enelerdir olaryň maşgala agzalaryndan başga-da, welaýatyň, Ak bugdaý we Gökdepe etraplarynyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleridir beýleki myhmanlar ýygnandy.

Bagt ojakdan başlanýar

Ynsan mertebesi, saglygy, abraýy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde has ileri tutýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanýan bu syýasat Garaşsyz Diýarymyzyň, milli Liderimiziň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir özgertmeleri, ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini günsaýyn ýokarlandyrmaga, il-ulsumyzyň bagtyýarlygyny ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ynsanperwer syýasatda türkmen zenanyna — enelere, gelin-gyzlara bolan hormat-sarpanyň dünýä nusgalyk derejä göterilendigi biziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.

Döwletliligiň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyz dünýä okyjylar jemgyýetine «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri sowgat etmek bilen, zenanlara sarpa goýmagyň belent nusgasyny görkezdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň gyz-gelinlere goýýan sarpasy, bimöçber tagallasy netijesinde mähremligiň, gözelligiň, eli çeperligiň, päkizeligiň, edep-ekramyň ajaýyp nusgasy bolan türkmen eneleri, zenanlary eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Maşgala — her ynsanyň dünýäde iň eziz görüp, mukaddes hasaplaýan öý-ojagy. Maşgalada agzybir bolup, asudalykda, bilelikde ýaşamak her bir adamyň esasy arzuwy bolup, şeýle maşgalalar halk içinde «Döwletli, sylanýan maşgala», «Bagtly maşgala» diýlip atlandyrylýar. Maşgala agzalarynyň ulyny uly hökmünde hormatlap, kiçini kiçi ýerinde sylamagy — maşgalanyň iň gymmatly baýlygy. Maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowy bolmagy, ýurduň ösüş depginine oňaýly täsir edýär.

Ene mähri

Perzendi dünýä inen enede ylahy güýç emele gelýär. Hiç haçan egsilmeýän şol güýç irginsiz yhlas bilen sazlaşyp, enäniň ýürek arzuwlaryny beýan edýän mylaýym hüwdüleriň üsti bilen çaganyň süňňüne ornaýar. Şeýlelik bilen enäniň çagasyna hamraklygy ýaly, çagada-da enesine bolan hamraklyk döreýär. Iki ýüregiň deň urmagynda dünýä inen perzent gün sanap ösüp başlaýar. Daşyndan seredeniňde adaty ýagdaý bolup görünýän bu ene bilen balanyň arasyndaky arabaglanyşyk baradaky gyzykly, dürdäne pikirler Gahryman Arkadagymyzyň«Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly kitabynda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp kitabyny mährem käbesi Ogulabat ejä bagyşlamak bilen, onda ene kalbynyň gözelligi hakynda pikirler gozgalýar. Ynsan — gözelligiň aşygy, bu duýgy onuň gözüni açyp, göreninden –— dünýe gözellikleriniň iň beýigi bolan eziz eneň gözel görkünden gözbaş alýar. Mähriban eneň seniň nury-didäň, durmuş ýolundaky öçmez çyragyň, görüm-göreldäň, ol seniň dünýädäki bar zadyň, onuň ornuny tutup biljek özge bir adam bolmaýar. Pygamberimizden: «Jennet nirede?» diýip soranlarynda, ol hiç pikirlenmezden: «Jennet — enäniň dabanynyň astynda» diýip, jogap beripdir. Eneler diňe bir perzentlerine däl, eýsem, Asman-Zemine-de öz mähirlerini

Dilleri senaly eneler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan zenanlaryň arasynda mugallymlaryň hem bolmagy örän buýsandyrýar. Bu hormatly ada mynasyp bolan mugallymlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik: Ýazjemal MUHAMMETGULYÝEWA, Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy:

Eneler keremdir, keramatdyrlar

...Ene üçin perzendinden mähriban, eziz ynsan ýok, perzent üçin hem iň eziz ynsan — ony dünýä getiren, janyndan jan beren käbesi. Şonuň üçin enäniň huzurynda, onuň mähribanlygynyň öňünde hemmeler, bütin barlyk, ynanç-ygtykadyna, jynsyna, milletine garamazdan, ähli ynsan kowumy baş egýär. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýen kitabynda: «Dünýäniň akyldarlary, weliler, ýagşyzadalar hakyndaky tymsallarda hem gowy adam bolmagyň ýoly enä goýulýan hormatdan ýagtylanýar. Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylyşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr» diýen çuňňur pelsepä ýugrulan sözler bar.

Çagaly öý — döwletli öý

8-nji mart — Halkara zenanlar güni biziň köp çagaly enelerimiz üçin goşa baýram, goşa toý bolup geldi. Sekiz we şondan hem köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren enelerimize hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady berildi. Olaryň ençemesine täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny almak bagty hem miýesser etdi. Mary welaýatynda hem sekiz we şondan hem köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren mähriban eneleriň ikisine welaýatyň Oguz han etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinden içinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary berildi. Jaý toýlary mynasybetli, bu ýerde baýramçylyk dabaralary geçirildi. Dabara gatnaşanlar täze jaýa eýe bolan köp çagaly maşgalalary tüýs ýürekden gutlap, iň süýji arzuwlaryny hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Bagtdan paýly ykbal

Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy Ogulşirin Muhammetgulyýewa eşretli döwrümiziň bagtyýar eneleriniň biridir. 10 çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren mährem ene bu gün perzentlerine, 24 agtygyna, 7 çowlugyna guwanyp, Arkadagly ajaýyp zamanamyza buýsanyp ýaşaýar hem-de eziz Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetli, watansöýüji, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlaryň terbiýelenmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar. Ogulşirin daýzanyň çagalyk döwri oba ýerinde geçýär. Ol dürli oba hojalyk işlerinde işlemeli bolýar. Şol döwrüň kyn şertlerinde işläp, zähmetde birkemsiz taplanan bu mährem ene päk zähmetinden bereket tapýar, döwletli öý-ojagyň, uly sylag-hormatyň eýesi bolýar. Ol çagalarynyň hem ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlas edýär. Olaryň edep-terbiýesine aýratyn üns bermek bilen, kär-hünär saýlamak boýunça yzygiderli öwüt-ündew edýär. Gyzlaryna ene-mamalarymyzdan gelýän nepis el işleriniň inçe syrlaryny, ogullaryna daýhançylyk tejribesini hem öwredýär. Mährem enäniň yhlasy ýerine düşýär. Onuň 4 oglunyň, 6 gyzynyň her biri bu gün asylly käriň eýesi.

Bagtdan paýly maşgalalar

Düýn Diýarymyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçildi. Şu mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli baýramçylyk dabaralary guraldy. Bu toý dabaralary eziz Watanymyzda mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza uly hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Müňlerçe ýyllyk taryhyň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz her bir nesilde ýokary ruhy-ahlak başlangyçlaryny, dogruçyllygy, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi, enelere we ýaşululara bolan hormaty kemala getirýän mukaddes maşgala gymmatlyklaryny saklap gelýär. Mährem eneler jemgyýetimizde ähli döwürlerde esasy orun eýeleýär. Olar maşgala ojagynyň mähremligini, ahlak esaslaryny, halkymyzyň ruhy-ynsanperwer ýörelgelerini goraýarlar.