Welaýatymyzda Halkara zenanlar güni dabaralara beslendi
Hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany bilen, welaýatymyzdan sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 102-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şu mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabara geçirildi. Dabarany welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow açdy we hormatly Prezidentimiziň Permanyny okady.