DÜÝN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan dabara toý ruhuna eýe boldy.
Sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren mährem enelere Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden dabaralandyrylýan Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem Gahryman Arkadagymyz şanly sene mynasybetli köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak bilen baglanyşykly Permana gol çekdi. Şol resminama esasynda, welaýatymyzyň bagtyýar eneleriniň 36-syna Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle bolansoň, hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar eneler nobatdaky dabaranyň arzyly myhmanlary boldular.