HABARLAR

Maňyzlaryň peýdasy

Hozlaryň we maňyzlaryň ähli görnüşleri mikroelementlere, witaminlere, beloklara we aminoturşulyklara örän baýdyr. Badam, arahis, grek hozy, keşýu hozy, kädi çigidi ýaly hozdur maňyzlaryň dürli görnüşleri biziň durmuşymyzda peýdalanylýar. Hersiniň hem özüne ýetik witaminleri we minerallary bar. Hozdur maňyzlary gündeki iýmitinde yzygiderli ulanýan adamyň bedeninde zyýanly galyndy bolmaýar, onuň ýüregi we beýnisi has gowy işleýär.

Altyn barada

Altyndan ýasalan bezegleri zenanlarymyzyň ählisi diýen ýaly, uly höwes bilen dakynýar. Bu bezeg metaly üstünligiň, berekediň, gözelligiň nyşany hasaplanýar. Il arasynda: «Altynyň gözelligi Aý bilen Günüň arasyndaky asudalygy, ýaraşygy baglaşdyrýar» diýilýär. Emma altyn metalynyň güýji diňe onuň gözelliginde ýa-da gymmatlygynda däl. Dogrusy, ol hemişe beýleki gymmat metaldyr, gymmatbahaly daşlar ýaly, ynamly maýa goýum serişdesi hökmünde ulanylýar. Altyn ylmy tarapdan öwrenilen gadymy metal bolup, ol hem bezeg, hem lukmançylykda ulanylyp gelinýär. Häzirki wagtda hem altyn ylymda we senagatda talap edilýän metal. Dünýäde meşhur bolan bu metalyň möçberiniň ondan bir bölegi farmakologiýada, plastik hirurgiýada, radiasiýa terapiýasynda, kosmetologiýada ulanylýar.

Täsin ykbally zenanlar

Hünäriň haýsy birini alanyňda-da, ol çyn zehini, gaýduwsyzlygy, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, esasan hem, isleg-höwesi talap edýär. Taryhyň gatlaryna ser salanyňda, geçmişde şeýle häsiýetleri özünde jemlän, islendik hünäri özleşdirmekde erkekler bilen deň derejede gadam uran zenanlaryň köp bolandygyna göz ýetirýärsiň. Geliň, olaryň käbirleri hakynda ýatlap geçeliň. Walentina Serowanyň 25 ýaşynda adamsy ýogalýar. Aleksandr Serow öz döwründe ökde kompozitor bolupdyr. Walentina adamsynyň ýazyp tamamlanmadyk işleriniň üstünde işläp başlaýar. Şeýdip onuň garalama depderçelerinden hem-de ýadynda galan ýatlamalardan «Duşmanyň güýji» operasyny we «Täze ýyldan öň» atly sazyny gaýtadan işläp, gutarýar. Ondan soňra Walentina «Uriel Akosto» atly operasyny ýazýar. Şol döwür bu opera sahna ussatlary tarapyndan teatrlarda ýerine ýetirilip, halkyň söýüp diňleýän eserine öwrülýär. Bu opera eseri zenana şöhrat getirýär. Ol Moskwada Russiýanyň ilkinji zenan kompozitory hökmünde alkyşlanypdyr. Walentina opera eserleriniň bäşisini döredýär. Onuň ýene-de bir arzuwy sazçylyk mekdebini gurmakdy. Şol arzuwy bilen Walentina 1913-nji ýylda Nowgorod oblastynda 500 orunlyk konserwatoriýany we opera zalyny gurdurýar.

Öý bikesi öwrense...

Gabakdan kotlet Gerekli önümler: 800 g gabak (kabaçki), 3 sany ýumurtga, 1 çaý çemçe duz, 5 nahar çemçe un, ösümlik ýagy, 3 nahar çemçe gaýmak ýa-da maýonez, pomidor we gök otlar.

Dünýä mähre beslenýär

Eneler — dünýäniň bezegi, eneler — mähir ummany, eneler hakda söhbet edilse, dünýä mähre beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi   sözümiziň ajaýyp subutnamasydyr.  Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoluny beýan edýän, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän  bu eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär. Ene-atalara hormat goýmak türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk asylly däbidir. Alym Arkadagymyzyň eseri hem enelere goýulýan hormat-sarpanyň belent nusgasydyr. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitapda enäniň, maşgala ojagynyň mukaddesliginiň, Watana söýgi hem-de ene-atalar bilen perzentleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

PEÝNIRLI TOWUK RULETI

Özüniň ýakymly tagamy we taýýarlanyşynyň ýeňilligi bilen tapawutlanýan towuk ruletini köpler halaýar. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda onuň peýnirli görnüşiniň taýýarlanylyşyny paýlaşmagy makul bildik. Gerekli önümler:

Gözlerimiziň röwşeni, ömrümiziň gelşigi

Okuwa höwes maşgala terbiýesine baglydyr

Täze okuw ýylynyň başlamagyna sanlyja günler galdy. Ilkinji gezek ak mekdebe gadam basjak körpeleriň okuwa taýýarlykly gelmekleri, özleri üçin täze gatnaşyklara çalt uýgunlaşmaklary ene-atalar üçinem, mugallymlar üçinem örän wajypdyr. Çaganyň mekdebe taýynlygy, geljekki durmuşynda üstünlik gazanmagyna mümkinçilik berjek endikleriniň kemala gelmegi, ilki bilen, maşgala terbiýesine baglydyr. Kiçijik adamy terbiýelemekde maşgaladaky ruhy agzybirlik, ene-atalar bilen çaganyň arasyndaky ahlak baglanyşygy esasy orun eýeleýär. Çaga maşgalada ilkinji durmuş tejribesini alýar, ilkinji garaýyşlary kemala gelýär, dürli ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barmalydygyny öwrenýär. Çaganyň şahsyýetini ösdürmekde maşgalanyň ornuny hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaýar. Şahsyýeti kemala getirýän, ösdürýän, çaganyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna goşulyşmagyna, köpçülige uýgunlaşmagyna kömek edýän maşgala terbiýesidir. Ene-atalar, beýleki dogan-garyndaşlar ahlak terbiýesiniň binýadyny goýýarlar, özüňi alyp barmagyň ülňülerini kesgitleýärler, çaganyň şahsyýetiniň özüne mahsus aýratyn häsiýetlerini hem-de içki dünýäsini açýarlar. Başlangyç synpa barýan okuwçynyň maşgalasynyň öňünde başga biriniň üstüne ýüklenip bolmaýan terbiýeçilik meseleleriniň bir topary

Bagtly bolasym gelýär...

Bagt ynsanyň öz-özüne bolan ynam-ygtykadynda, içki dünýäsiniň päkliginde, daşky gözellige hem-de arzuw-niýetiniň söýgi sazlaşygynda jemlenendir. Olar dutar kirişlerinden hem näzik duýgulardan ybaratdyr. Bagt gözellikdir, oňa mynasyp bolmak üçin kalbymyz gözel bolmalydyr. Akyldarlaryň biriniň: «Bagta barýan ýol bagtly günleriň bardygyny duýmakdan başlanýar» diýşi ýaly, bagtly bolmak üçin, ilki bilen, özüňde bar bolan baýlyklara akyl ýetirmegi başarmaly. Bu diýildigi maddy baýlygyň göz öňünde tutulmasy däldir. Halkymyz: «Baş saglygym — baýlygym» diýmek bilen, baş saglygy iň uly bagty hasaplaýar. Gözleriň ýagty jahany görmegi, on iki süňňüňe erk edip bilmegiň, ýakyn-u-ýatlaryň şatlygyna şatlanyp, gamyna gyýlyp bilmegiň, akylyň-huşuň ýitiligi, kesgirligi, päliň-niýetiň päkligi, iň esasy zat bolsa, şu agzalanlaryň hakyky baýlykdygyna düşünmegiň bagtly bolmagyň dogry ýoludyr. Iliňi-günüňi, ýakyn-ýadyňy, bala-çagalaryňy, öý-ojagyňy söýmek islendik adamy bagtly edýär. Seniň söýgiň bilen gurşalýan ynsanlaryň gözlerindäki bagt nuruny görmegem özüňe çäksiz bagt bolup dolanýar. Aslynda, biziň hemmämiz bagtly ynsanlar. Biz islesek, her günümizi ömrümiziň iň bagtly günlerine öwrüp bileris.

Maşgala — jemgyýetiň binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işler alnyp barylýar. Şol işler bolsa, ilkinji nobatda, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 5-nji maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundanam has-da ýokarlandyrmak boýunça kanunçylyk namalary kabul edildi. Öň hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatynda ähli üpjünçilikler göz öňünde t