XX asyr türkmen milli we dünýä aýdym-saz sungatynyň göwher gaşy, parlak ýyldyzy hasaplanýan Medeniýet Şahberdiýewa 1930-njy ýylyň 23-nji fewralynda baharyň buşlukçysy bilbil owazy bilen keramat bolup, dünýä inýär. Türkmen senenamasynda 22-nji fewral togsan dolup, ýere ýyly gidýän gün hasaplanýar. Aý-gün hasaby boýunça garagyşdan çykylyp, ajaýyp ýaz paslyna orun berilýär. Gözel tebigatymyz heýjana gelip, gök gümmürdäp, ýyldyrym çakyp, dürli reňkli älemgoşaryň gözelligi Medeniýet Şahberdiýewanyň şirin owazy bilen utgaşyp, çeşmedir çaýlary joşdurjak, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýjak ussadyň dünýä inendigini jar etdi.
Ol doglanda, «iňňä-iňňä» sesi agy däl-de, bagda saýraşýan guşlaryňky ýaly eşidilip, bäbekhanadaky ähli işgärleri, mähriban eneleri özüne imrindirýär. Lukmanlar: «Biz şu ýaşymyza çenli näçe çaganyň göbegenesi bolduk. Bu gyzjagaz welin hakdan berlen perişde mysalydy» diýip, körpäniň dogluşynyň juda üýtgeşikdigini geň galyşyp ýatlaýarlar. Ata-ene mährini görmedik çaga ähli kişini ýakyny ýaly kabul edipdir. Mähri, bilbil owazy bilen hemmäni özüne çekipdir.