Rawşan MAHSUMZOD,
täjik ýazyjysy
Adolat daýzanyň düşege baglananyna indi bir ýyl boldy. Oňurgada tapylan agyry zerarly, aýaklary diýen etmeden galdy. Indi oňa penjireden daşary — Surh dagynyň çür depesine seredip ýatmakdan başga çäre galmady, onuň her bir daşy, her bir agajy oňa tanyşdy, ol olary ýüregi bilen duýýar, olaryň ysyny alýar.