HABARLAR

Bagt­ly maş­ga­la­nyň sy­ry (Hekaýa)

Dogan JÜJEOGLY,türk ýazyjysy Bülent bir zatlar sorap elini uzadyp duran adama gahar bilen garady. Ýaşy elliden agan bu kişi daşyndan öňler gabat gelýän sal-sal eşikli dilegçilere meňzänokdy. Geýimleri könedi, ýöne arassady. Ýüz-gözi tämiz, tut ýaly sagdyn görünýärdi. Ol içinden: «Jany saga-da meňzeýär. Gidip işlemäge derek dilegçilik edýär, belki, mendenem baýdyr» diýip pikir etdi. Öňem gahary gelip, lapykeç bolup durany üçin birden gazaba mündi-de, kemsidiji äheňde:

Beýikligiň başlangyjy edepdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek, halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek, ata Watanymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşinde tutýan ornuny dabaralandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Şeýle ajaýyp işleriň, beýik özgerişleriň ör-boýuna galýan döwründe mähriban Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby öz çuňňur many-mazmuny bilen örän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde aýdylyşy ýaly, edep düzgünlerini berjaý etmek, edepli bolmak ýaly kadalar ir döwürlerden başlap, türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip gidipdir. Gadym eýýamlarda ýigitleriň we gyzlaryň edep kadalaryna eýermekleriniň özboluşly aýratynlyklary kemala gelip, ol kadalar häzir hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Bu düzgünleriň ýaşlara degişli bolmagynyň özüne ýetesi sebäbi bar. Çünki nusgalyk edep kadalary ýaş ynsany durmuşda duş gelip biläýjek nogsanlyklardan goraýar, oňa ruhy we beden saglygy, jemgyýetdäki hem maşgaladaky orny bilen bagly köp ýagşylyklary eçilýär. Şonuň üçinem, gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän

Zenan mähek daşydyr

Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda mähriban eneler barada söz açyp: «Olaryň zehini hem paýhasy maşgalanyň berkliginiň binýady» diýip belleýär. Diýseň jaýdar aýdylan bu dürdäne jümläniň çuň mazmuny Bagtyýarlyk etrabynyň Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary bölüminiň hünärmeni Süýjigül Aşyrowanyň saldamly zähmet ýolunyň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle bolansoň bu mähriban zenanyň baý iş tejribesini nazara alyp, türkmen maşgalalaryna mahsus agzybirlik ýörelgesi, maşgala berkligini goramakda zenan maşgalanyň orny barada gürrüň etmegi makul bilip, onuň bilen söhbetdeş bolduk. — Süýjigül, indi tüweleme, zähmet ýoluňyza başlanyňyza 40 ýyla golaý wagt bolupdyr. Siz işiňizi ak ýürekden, yhlasly berjaý edip, ýaş maşgalalaryň, gaýyn-gelinleriň arasynda düşündiriş, wagyz-nesihat işlerini ýadawsyz alyp barýandygyňyz üçin il-günüň uly hormatyna mynasyp bolduňyz. Gürrüňimizi maşgala mukaddesligine bolan garaýşyňyzdan başlaýalyň.

Degişmeler

— Gyzym, dört sany çemçe saňa nämä gerek boldy? — Ynha, şu ýerde süýjüli kakao içmek üçin dört çemçe şeker guýmaly diýlip ýazylypdyr-da...

Ça­ga­lar bi­ziň gel­je­gi­mizdir

Jem­gy­ýet maş­ga­la­dan göz­baş al­ýar. Her hal­kyň öz ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­si maş­ga­la düz­gün­le­ri, ene-ata­nyň ça­ga­la­ry­nyň il-gü­nüň öňün­dä­ki bor­jy bi­len kes­git­le­nil­ýär. Ha­wa, türk­men hal­ky hem per­zent ede­bi­ne aý­ra­tyn üns ber­ýär. Bu maş­ga­la gat­na­şyk­la­ry­nyň berk hem kä­mil bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Mu­nuň özi bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz gel­jek­ki ne­sil­le­ri ha­kyn­da çyn­la­kaý ala­da eden­di­gi­ni, ola­ryň akyl­ly-baş­ly ýe­tiş­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ren­dik­le­ri­ni gör­kez­ýär. Çün­ki per­zent adam­za­dyň er­ti­ri­dir. Şu gün bi­len gel­je­giň ara­sy­ny bag­la­ýan köp­rü­dir. Her bir ça­ga­nyň il­kin­ji mu­gal­ly­my ene-ata­sy bol­mak bi­len, ça­ga şo­lar­dan gö­re­ni­ni öw­ren­ýär, eşi­de­ni­ni ýa­dyn­da sak­la­ýar. Ene-ata ça­ga­nyň edep-ter­bi­ýe­si­niň esa­sy­ny düz­ýär. Şo­nuň üçi­nem ne­sil ter­bi­ýe­si­ne ýüz­le­ne­ni­miz­de, ola­ryň öz­bo­luş­ly dün­ýä­si­ne gö­rä çe­me­leş­mek ze­rur­dyr. Ola­ry ki­tap­lar bi­len dost­laş­dyr­mak, bi­lim­li, edep­li, ter­bi­ýe­li ýaş­lar edip ýe­tiş­dir­mek her bir ata-enä­niň bor­ju­d

«Gel, bilelikde»

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryň we ylmy işleriň awtory, 91 ýaşly psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Maşgala — ýaşaýşyň binýady

Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, türkmen halkymyzyň ähli döwürlerde hem däp-dessurlara, edim-gylymlara, ynam-ygtykatlara eýerip ýaşandygyny görmek bolýar. Maşgala — türkmeniň döwletliliginiň, agzybirliginiň, bolelin ýaşaýyş-durmuşynyň binýadydyr. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda bu düşünjä uly ähmiýet berilýär. Maşgalada ata-enäniň orny, olaryň çaga terbiýesindäki borçlary, perzentleriň olara bolan hormat-sylagy aýrylmaz bitewüligi kemala getirýär. Şu aýdylanlara esaslanyp, häzirki wagtda maşgala düşünjesine gymmatlyk hökmünde garalyp, ol dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Maşgala hakynda ykdysadyýet, hukuk, etika, psihologiýa, pedagogika ylymlarynda öwrenilip geçilmeginiň maksady hem şu nukdaýnazara daýanýar. Bularyň her biri öz ugruna laýyklykda maşgalanyň — hereketlenişiniň degişli taraplaryny ýüze çykarýandygy mälimdir. Maşgala adam şahsyýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň ruhy özenidir, hamyrmaýasydyr. Şol sebäpli-de maşgala Watan içre Watan hasaplanylýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Çünki maşgala şahsyýet bilen jemgyýetiň özara täsirini üpjün edýän, olary birleşdirýän we höwes-islegleriniň ileri tutulmalaryny seljerýän esasy gurluşlaryň biridir. Maşgalada adam durmuşy maksatlar we gymmatlyklar, bilmeli

Watanperwerligiň gözbaşy

Watana bolan söýgi mukaddesdir. Çünki her kimiň Watana bolan söýgüsiniň möçberine görä zehin bulagy giňelýär. Işiň netijeli bolmagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, Watana söýgi gerek. Diňe şol söýgi işe bolan höwesiňi artdyrýar, arzuw-islegleriňi herekete getirýär. Watanperwerlik diýen beýik düşünje hem öz gözbaşyny maşgaladan alýar. Çünki islendik birlikleriň köplüklerden düzülişi ýaly, Watan hem maşgaladan başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ata-enä, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Ata-enä söýgi halkymyzyň «Ata razy — Hudaý razy, ene razy — pygamber razy», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser» ýaly nakyllarynda hem öz beýanyny tapýar.

Ça­ga­lara oýnawajy nähili saýlamaly?

Oý­na­waç­lar ça­ga üçin di­ňe bir güý­men­je bol­man, eý­sem, olar ça­ga­nyň in­tel­lek­tual ösü­şi­ne, gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. Dü­ka­nyň tek­çe­le­rin­de du­ran oý­na­waç­lar ça­ga­nyň ün­sü­ni çek­se-de, ene-ata­lar ça­ga­nyň ýa­şy­na gö­rä oý­na­waç­la­ry pi­kir­le­nip saý­la­ma­ly. Has dog­ru­sy, gym­mat­ba­ha­ly oý­na­waç­la­ry däl-de, ýa­şy­na gö­rä reňk­li, gy­zyk­ly, uzak wagt güý­me­nip bil­jek oý­na­waç­la­ry­ny al­ma­ly. Çün­ki ça­ga­lar­da ga­har­jaň­lyk, re­him­dar­lyk, üns­lü­lik ýa­ly hä­si­ýet­le­riň dö­re­me­gin­de oý­na­waç­la­ryň ýe­tir­ýän tä­si­ri az däl­dir. Bu ba­ra­da psi­ho­log­la­ryň mas­la­hat­la­ry­ny dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi mü­wes­sa bil­dik. 1 — 6 aý­lyk ça­ga­lar. Ola­ryň oý­na­waç­la­ra gy­zyk­lan­ma­sy ýok­dur. Bä­bek­ler üçin daş-tö­we­re­gin­dä­ki is­len­dik zat­lar — reňk­ler, ýyl­dy­ra­ýan çy­ra­lar güý­men­je bo­lup, olar bä­bek­le­riň ra­hat uka git­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.

Çagalar hakynda gyzykly maglumatlar

«7/24.tm», № 40 (71),  04.10.2021.  Täze doglan bäbekler gök reňki görüp bilmeýärler.