Oýnawaçlar çaga üçin diňe bir güýmenje bolman, eýsem, olar çaganyň intellektual ösüşine, gylyk-häsiýetleriniň kemala gelmegine täsir edýär. Dükanyň tekçelerinde duran oýnawaçlar çaganyň ünsüni çekse-de, ene-atalar çaganyň ýaşyna görä oýnawaçlary pikirlenip saýlamaly. Has dogrusy, gymmatbahaly oýnawaçlary däl-de, ýaşyna görä reňkli, gyzykly, uzak wagt güýmenip biljek oýnawaçlaryny almaly. Çünki çagalarda gaharjaňlyk, rehimdarlyk, ünslülik ýaly häsiýetleriň döremeginde oýnawaçlaryň ýetirýän täsiri az däldir. Bu barada psihologlaryň maslahatlaryny dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildik.
1 — 6 aýlyk çagalar. Olaryň oýnawaçlara gyzyklanmasy ýokdur. Bäbekler üçin daş-töweregindäki islendik zatlar — reňkler, ýyldyraýan çyralar güýmenje bolup, olar bäbekleriň rahat uka gitmegine ýardam berýär.