Çaý içilip bolnandan soň, alty ýaşlyja Tylla ylgap geldi-de, käseleri ýygnamaga durdy.
— Dur, dur, entek seniň bu zatlara güýjüň ýetmez, döwäýme! — diýip, ejesi Gülbahar gyzjagazynyň elindäki käseleri aljak boldy. Tylla näzijek elleri bilen tutup duran käselerine has berk ýapyşdy.