HABARLAR

«Gel, bilelikde»

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryň we ylmy işleriň awtory, 91 ýaşly psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Maşgala — ýaşaýşyň binýady

Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, türkmen halkymyzyň ähli döwürlerde hem däp-dessurlara, edim-gylymlara, ynam-ygtykatlara eýerip ýaşandygyny görmek bolýar. Maşgala — türkmeniň döwletliliginiň, agzybirliginiň, bolelin ýaşaýyş-durmuşynyň binýadydyr. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda bu düşünjä uly ähmiýet berilýär. Maşgalada ata-enäniň orny, olaryň çaga terbiýesindäki borçlary, perzentleriň olara bolan hormat-sylagy aýrylmaz bitewüligi kemala getirýär. Şu aýdylanlara esaslanyp, häzirki wagtda maşgala düşünjesine gymmatlyk hökmünde garalyp, ol dünýä jemgyýetçiliginiň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Maşgala hakynda ykdysadyýet, hukuk, etika, psihologiýa, pedagogika ylymlarynda öwrenilip geçilmeginiň maksady hem şu nukdaýnazara daýanýar. Bularyň her biri öz ugruna laýyklykda maşgalanyň — hereketlenişiniň degişli taraplaryny ýüze çykarýandygy mälimdir. Maşgala adam şahsyýetiniň, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň ruhy özenidir, hamyrmaýasydyr. Şol sebäpli-de maşgala Watan içre Watan hasaplanylýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Çünki maşgala şahsyýet bilen jemgyýetiň özara täsirini üpjün edýän, olary birleşdirýän we höwes-islegleriniň ileri tutulmalaryny seljerýän esasy gurluşlaryň biridir. Maşgalada adam durmuşy maksatlar we gymmatlyklar, bilmeli

Watanperwerligiň gözbaşy

Watana bolan söýgi mukaddesdir. Çünki her kimiň Watana bolan söýgüsiniň möçberine görä zehin bulagy giňelýär. Işiň netijeli bolmagy üçin bolsa, ilkinji nobatda, Watana söýgi gerek. Diňe şol söýgi işe bolan höwesiňi artdyrýar, arzuw-islegleriňi herekete getirýär. Watanperwerlik diýen beýik düşünje hem öz gözbaşyny maşgaladan alýar. Çünki islendik birlikleriň köplüklerden düzülişi ýaly, Watan hem maşgaladan başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ata-enä, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Ata-enä söýgi halkymyzyň «Ata razy — Hudaý razy, ene razy — pygamber razy», «Ata gören ýol keser, ene gören don keser» ýaly nakyllarynda hem öz beýanyny tapýar.

Ça­ga­lara oýnawajy nähili saýlamaly?

Oý­na­waç­lar ça­ga üçin di­ňe bir güý­men­je bol­man, eý­sem, olar ça­ga­nyň in­tel­lek­tual ösü­şi­ne, gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne tä­sir ed­ýär. Dü­ka­nyň tek­çe­le­rin­de du­ran oý­na­waç­lar ça­ga­nyň ün­sü­ni çek­se-de, ene-ata­lar ça­ga­nyň ýa­şy­na gö­rä oý­na­waç­la­ry pi­kir­le­nip saý­la­ma­ly. Has dog­ru­sy, gym­mat­ba­ha­ly oý­na­waç­la­ry däl-de, ýa­şy­na gö­rä reňk­li, gy­zyk­ly, uzak wagt güý­me­nip bil­jek oý­na­waç­la­ry­ny al­ma­ly. Çün­ki ça­ga­lar­da ga­har­jaň­lyk, re­him­dar­lyk, üns­lü­lik ýa­ly hä­si­ýet­le­riň dö­re­me­gin­de oý­na­waç­la­ryň ýe­tir­ýän tä­si­ri az däl­dir. Bu ba­ra­da psi­ho­log­la­ryň mas­la­hat­la­ry­ny dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi mü­wes­sa bil­dik. 1 — 6 aý­lyk ça­ga­lar. Ola­ryň oý­na­waç­la­ra gy­zyk­lan­ma­sy ýok­dur. Bä­bek­ler üçin daş-tö­we­re­gin­dä­ki is­len­dik zat­lar — reňk­ler, ýyl­dy­ra­ýan çy­ra­lar güý­men­je bo­lup, olar bä­bek­le­riň ra­hat uka git­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.

Çagalar hakynda gyzykly maglumatlar

«7/24.tm», № 40 (71),  04.10.2021.  Täze doglan bäbekler gök reňki görüp bilmeýärler.

Mähir akabasy

Daň atyp, säher bilen guşlar hoş owazyna saýrap başlar welin, mähriban käbäm hem çalaja hiňlenip, mylaýym mukamy bilen kalplarymyza rahatlyk eçiler. Durmuşymyzyň manysy bolup ýaňlanýan käbelerimiziň bu ýakymly sesini, şirin mukamyny biz mydama diňlemäge teşne. Çagalykda biziň ählimize asuda asmany, bereketli nuruny eçilip duran Güni, gür ýaprakly şahalaryny kölegeledip duran agaçlary, ganatyny ýaýyp uçýan kebelekdir guşlary, ajaýyp gülleri suratda şekillendirmek mahsusdyr. Elimize dürli reňkdäki galamlary alyp, surat çekenimizde, şol gözellikleriň arasynda, ilki bilen, ejemiziň we kakamyzyň elimizden tutup duran keşbini suratlandyrarys. Bu surat biziň üçin uly bir sungat eseri ýalydyr. Bu surat ene-ata söýgüsini, abadan maşgalany, agzybirligi, ajaýyp durmuşy aňladýan suratdyr. Şeýle suratlar her bir çaganyň aňynda maşgala bagtyýarlygyny suratlandyryp, enäniň mähir mukamynyň perzendiniň kalbynda ajaýyp duýgulary, ýaşaýşa söýgini, maşgala mukaddesligine sarpany terbiýeleýändigini görkezýär.

Maşgala — berk binýat

Eziz Watanymyzda döwlet tarapyndan her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň şertler döredilýär. Çünki maşgala jemgyýetiň özeni bolup, oňa möhüm durmuş we terbiýeleýjilik orny degişlidir. Maşgalanyň jebis, agzybir binýatda kemala gelip, mukaddes ojakda sagdyn, päk ahlakly, gowy terbiýeli, okamaga, hünär öwrenmäge höwesli nesilleriň ýetişdirilmegi jemgyýetde ykdysady we durmuş ösüşiniň tizleşmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Maşgala ilkinji terbiýe mekdebidir» diýip belleýär we maşgala, onuň sütünlerini pugtalandyrmak, türkmen maşgalasynyň maddy abadançylygyny gowulandyrmak hakynda aýratyn alada edýär. Döwletimizde maşgalanyň, enäniň, çaganyň hemmetaraplaýyn kanun goraglylygyny üpjün edýän, hukuklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalarynyň giden topary hereket edýär. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Maşgala Kodeksinden hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Asylly terbiýe — kämil jemgyýet

Ojagym — bagtym, tamdyrym — döwletim!

Watan ojakdan başlanýar Oba bolsun, şäher bolsun toý-tomgy tutulanda, ilki bilen, gazan-ojagyň aladasy edilip başlanýar. Özem tutuş il-halky bir maksada, onda-da juda ýakymly hysyrdysy bolan maksada jemleýän bu wakalar şeýle süýji ýatlamalar bilen utgaşýar.

Peýdaly maslahatlar

Eger-de hozy birnäçe minut gyzan howurpeçde saklasaň, ony döwüp daşyny arassalamak aňsatlaşar. * * *