HABARLAR

Mähir akabasy

Enäniň ýüreginiň älem ýaly giň, umman ýaly çuňlugyna Zemindäki ähli mähremligiň eziz enelerde jemlenendigine Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okanyňda ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň. Aslynda, ene barada oýlananyňda, her bir adamda, aýratynam, gyz çagada öz enesinden geçen häsiýetleriň gaýtalanýandygyny görýärsiň. Enäniň perzendini ezizleýşiniň, söýüp-söýgüleýşiniň hiç zat bilen ölçäp bolmajak derejede ýokarydygyny beýan edýän mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseri bize hemişe ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Kitapdaky aňyňa, suňňüňe ornaýan jümleler özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçinem, wagtal-wagtal käbämiň nurly keşbi göz öňümde janlanyberende bu eseri elime alanymy hem duýman galýaryn. Sebäbi kitapda beýan edilýän enäniň perzende garaýşy baradaky wakalar süňňüňi bogun-bogun söküberýär. Hormatly Prezidentimiziň ene baradaky bu kitabynda öz mähriban ejesi hakynda: «Uýalarym babatda ol talapkärdi, ýöne bu diňe gyz perzendiniň edep-terbiýesi bilen baglanyşyklydy. Okuwdan ýa-da işden gelýän gyzlaryndan gününiň nähili geçendigini sorap, olara mähir bilen serederdi. Käteler bolsa bile oturyp, iňňän gyzykly söhbet ederdi» diýýär. Ýadymda galan şu jümleler gyz perzendiň enäni

Şirin-şeker sözleri

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, uzak ýaşly ene Bagty Hojamowalaryň döwletli maşgalasynda ilkinji ýuwlugyň dünýä inendigini eşidip, mährem enäni gutlamaga howlukdym. Kümüş saçly ene sallançagyň alaja bagyny çekip oturyşyna, mylaýym hüwdülere hiňlenýärdi. Ukynyň arasynda kä ýylgyryp, kä seňrigini ýygryp ýatan gyzjagaza guwançly nazaryny aýlap: — Bu meniň Sahujemalym, ilkinji ýuwlugym. Gahryman Arkadagymyzyň gurup berýän eşretli zamanasynyň bagtly balasy. Şeýle bagta ýetmek her kime nesip etsin! — diýip, maňa töre geçmegi mürähet etdi. Men, ilki bilen, balajygy ýüzüme syldym. Bagty enäniň perişde kimin mylaýym, mähriban keşbini synlap oturmaklygyň ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýandygyny aňdym. Soňra bolsa:

Ene mähri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler zenanlar hakdaky alada bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanda aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi döwlet syýasatynyň birjik-de ünsden düşürilmeýän wajyp ugrudyr. Aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi, olaryň zähmet we durmuş şertleri, eneligi we çagalygy goramak ýaly meseleler syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu meseleler milli kanunçylykda öz doly beýanyny tapdy. Ýurdumyzda aýal-gyzlaryň zähmet çekmäge, bilim almaga, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga, saglygyna seretdirmäge, durmuş üpjünçiligine bolan we beýleki esasy hukuklary diňe bir kanunçylykda üpjün edilmän, eýsem, olar döwlet tarapyndan doly kepillendirilýär. Durmuşdaky hiç bir ýagdaý, jemgyýetdäki hiç bir hadysa zenan dünýäsinden sowa geçmeýär. Çünki zenan — ene, zenan — hünärmen, zenan — ýolbaşçy, zenan — zähmetkeş... şularyň her biriniň aňyrsynda iner ýüki jogapkärçilik ýatyr. Ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşlerine we özgerişlerine mynasyp goşant goşup gelýän şol zenanlaryň sarpasy bu günki gün has belentden tutulýar.

Durmuş öwrümleri hakda oýlanma

Pederim hakda oýlananymda çagalyk döwrümdäki ýatlamalar kalbymy heýjana salýar. Pederim, sen maňa deň-duşuň, ýürekdeş dostuň hökmünde garardyň. Meniň bilesigelijilik bilen soraýan sowallarymy jogapsyz goýmazdyň. Bir gün dostluk baradaky gürrüňimizde: «Oglum, hemişe kitaby dost tutungyn, çünki ol hiç mahal ýalňyşdyrmajak dogry ýoly salgy berýändir» diýipdiň. Işiň juda kändigine garamazdan, gündelik wagtyň bir bölegini çagalaryňa sarp ederdiň. Teleýaýlyma bileje oturyp tomaşa ederdik, gazet-žurnallary okardyk. Soňra ara alyp maslahatlaşardyk, düşünmeýän zatlarymy howlukman düşündirerdiň. Mekdebiň sport meýdançasynda top oýnardyk, mellek ýerimizde işlärdik. Nirä gitseň-de, köplenç, ýanyňdan goýmazdyň. Hiç mahal gaharlanan, ajy söz aýdan wagtyňa gabat gelmändim. Islendik meseläni parahat çözerdiň, oýlanman söz aýtmazdyň. Men şeýle pederimiň bardygyna buýsanardym. Şol döwürler aňymda hemişe sen ýanymda bolaýjak ýalydyň. Emma durmuş pikir edişimçe däl eken. Durmuş öwrüm-öwrüm, belentli-pesli ýaýylyp gidýän soňy görünmeýän ýol ýaly eken. Tomus aýlarynyň bir günüdi. Sen üzüm teläriniň saýasynda ertirlik edinip otyrdyň. Men bolsa obamyzyň Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän ekerançylyk meýdanyna işe gitmek üçin goşlarymy düwýärdim. Bird

Peýdaly maslahatlar

Howa sowan wagtlary egnimize ýyly geýimler geýýäris. Penjeklerimiziň ýakalaryna dürli reňkli daşlardan bezelen gülýakajyklar (broşka) dakynýarys. Käbir dakylýan gülýakalar agyr bolup, ýakalaryň sallanmagyna getirýär. Gülýakany dakyp, onuň yzyna birnäçe gatly pamyk diskini ýa-da ýumşak mata bölegini goýmaly. Ol eşigiň üstündäki ýüki azaldyp, gülýakanyň sallanyp durmazlygyndan goraýar. * * *

Doragly şirinlik

Gerekli önümler: 350 g dorag, 1,5 bulgur mannyý sülesi, 4 sany ýumurtga, 200 g gaýmak, 2 sany gabartma tozy, 2 sany wanilin, 1 käse ülje ýa-da smorodina, 1 bulgur şeker.

Käbäme salam hat (Oýlanma)

Wagtyň geçmegi adam aňynyň kämilleşmegine, pikir öwrülişiginiň çuňlaşmagyna ýardam berýär. Ýyllar geçdigisaýy köp zada has oýlanyşykly çemeleşmek, söz meselesinde ätiýaçly gürlemek, hereketleriňe aýratyn üns bermek endige öwrülip galýar. Bu dogduk öýüňden daşlaşanyňda has hem mese-mälim duýulýar. Kiçiräk wagtymyz ejelerimiziň gulagymyza guýan öwüt-ündewleriniň bu günki gün il arasynda abraý getirýän pursatlary şol edep-terbiýäni beren mähribanlarymyza bolan hoşallygymyz has-da artýar. Aslynda, ata-enelerimiz ählimiz üçin hem edep-terbiýe mekdebimizdir. Olar biziň il içinde abraýly, mertebeli, ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmegimiz üçin uly alada edýär. Kiçilikden halanmaýan hereket etseň ýazgaryp, utandyryp, ýaramly hereketiň öwgüsini ýetirip, berekellasyny aýdyp bizi durmuşyň dogry ýoluna ugrukdyrýan mähribanlarymyz şeýdip bizi kemala getirýär. Olaryň terbiýeçilik mekdebi biziň galan ömrümize nusgalyk ýol bolup galýar.

Çaga terbiýesiniň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk döredijiligini öwrenmek, onuň gymmatly pikirlerini ýaşlara düşündirmek, wagyz-nesihat etmek terbiýeçilik işleriniň esasy ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir. Bu, elbetde, dogrudyr. Halkymyzyň paýhas gorunda bu ýagdaý hem öz beýanyny tapypdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, çagalary terbiýelemekde, ýaşlara bilim bermekde halk döredijiligi gymmatly gollanmadyr. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy iňňän gadymy bolup, onuň halk döredijiligi hem öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten şahyrana halk döredijiligi halkymyzyň geçmiş taryhy, dili, ýaşaýyş durmuşy, tebigata, ondaky bolup geçýän hadysalara bolan gatnaşygy ýaly onlarça ugurlary öz içine alýar. Türkmen halk döredijiliginiň duýguly owaz bilen ýerine ýetirilýän iň gadymy görnüşleriniň biri «Eneleriň aýdymy» hasap edilýän hüwdülerdir. Halk döredijiliginiň beýleki görnüşleri arzuw-islegleri, garaýyşlary beýan etmekden, däp-dessurlardan, gündelik durmuşdan döräp, ýerine ýetiri

Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy

Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirmek ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň özenini düzýär. Çagalaryň goraglylygy bilen bagly hukuklar halkara hukugynda ileri tutulýan kadalar hökmünde öňe sürülýär. Bu kepillikleriň üpjün edilmeginiň netijesinde bolsa ählitaraplaýyn sagdyn, ösen dünýägaraýyşly nesli kemala getirmäge köpugurly şertleriň toplumy döreýär. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda maşgalanyň, eneligiň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy baradaky kada hem maşgala binýadynyň, ýaş nesliň kanun taýdan goraglylygyny kepillendirýär. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bolsa her bir çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugynyň bardygy, bu hukuklar durmuşa geçirilende, onuň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmeginden ugur alynmalydygy kesgitlenilendir. Şu nukdaýnazardan, halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda  eneligi we çagalygy goldamak babatdaky işleri alyp barýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Ilat gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmenistan döwletimiz 19

Ketenisi gül keşbine ýaraşyk

Türkmen halkynyň milli sungaty öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Merdana pederlerimiz, ene-mamalarymyz gaýtalanmajak gymmatlyklary döredipdirler. Milli hünärmentçilikde ýüň, ýüpek we nah matalary dokamak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Düýe ýüňünden çäkmenlik matalar, nahdan biz, setin, çit matalar, ýüpekden bolsa keteni, sowsany, çepbetow, gyrmyzy donluk, garma donluk, daraýy, serindi ýaly milli geýimler üçin niýetlenen matalar dokalypdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlasyndan, zehininden dörän, zenan maşgalalaryň kaddy-kamatyna ýaraşyk berýän milli lybaslar bu gün sungat derejesine ýetdi, kämilleşip, täzeçe röwüş aldy. Gözüň ýagyny iýip barýan, arassa ýüpekden dokalan türkmen ketenisi dokma önümleriniň iň naýbaşysydyr, geçmişden şu günlere ýetirilen gymmatlykdyr. Zeminiň haýsy künjeginde bolanyňda-da, keteniden tikilen milli egin-eşiklerimiz: «Şu türkmeniňki bolmaly» diýdirýär. Keteniniň özboluşly ýakymlylygy, owadanlygy barada näçe aýtsaň, aýdybermeli. Onuň adam bedeniniň belli bir ýylylykda saklanmagyny sazlamakda, ýiti Gün şöhlesinden goramakda hem ähmiýeti bar.