HABARLAR

«Bahar» işdäaçary

Gerekli önümler: • 300 gram towuk döşi;

Mähriban ene

Göräýmäge, eneler barada ähli ajaýyp sözler aýdylan ýaly. Enäni wasp etmek üçin beýik şahsyýetlerden başlap, ýönekeý raýatlara çenli iň ýagşy, iň mährem, iň şirin sözlerini gaýgyrmady. Şonda-da enäniň tarypy, edil akabasy togtamaýan bulak ýaly, hiç wagt egsilmeýär. Şu jümle hakydamda galypdyr: enelik — munuň özi dynç almaga, zähmet rugsadyna çykmaga we ýalňyşlyk goýbermäge asla hukugy bolmadyk adamyň agyr zähmetidir. Bu pikir bilen ylalaşsaňyz gerek. Ene bolmak — jogapkärçilik, borç we beýik söýgi. Ene bolmak — ýazgyt. «Ýerini çalşyp bolmaýan adam ýok» diýen jümläni köp eşidensiňiz. Ýöne bu aýtgy enelere asla dahylly däldir. Enäniň öz perzendiniň durmuşynda eýeleýän orny juda ýokarydyr, edil şonuň ýaly perzent hem öz enesiniň durmuşynda uly orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «...enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir» diýen sözlerinde durmuş hakykaty bar.

Eneligiň peşgeşi

Saryýagyzdan ýylmanak ýüzli, sadadan mähirli zenanyň içki dünýäsiniň gözelligini kindiwanja gurjaklara geçirip, olara «janly görnüş berşiniň» men-ä şindem haýrany. Dünýäde her kimiň bir zadyň kül-külünde ýaşaýandygy çyn. Duýgy-düşünjeleriň parhly bolşy ýaly, güýmenjedir gyzyklanmalaram dürli-dürli. Käte-hä uzak ýyllaryň tejribesi, käte-de daş ýarýan zehin başda gyzyklanma ýa güýmenje hökmünde baş goşulan döredijilik işini tas sungat derejesine ýetiräýýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň ýolbaşçysy Gülälek Babakulowa hem şeýle döredijilik ýoluny geçen zenan. Hünärli elleriniň gurjaga «jan» berşiniň hikmeti hakynda orta atan sowalyma onuň beren jogaby meniň bu işiň döreýşine gyzyklanmamy has-da artdyrdy. Gülälek mugallym bu döredijilik ussatlygynyň döreýiş taryhyny bir jümlede jemläp: «Bu maňa eneligiň peşgeşi» diýdi-de, keşbine ýaraşyk berýän mylaýym ýylgyryş bilen nazaryny iş otagynyň bir nokadynda egledi. Bu jümle gurjaklar bilen «öz dilinde gürleşýän» çeper elli mugallymyň hakydasyna onlarça ýyllaryň ýatlamasyny dolady... — Perzende uzak garaşyp gözümiň düşenindenmi ýa eneligiň kalbyma has üýtgeşik duýgulary bagyşlanyndanmy, bilmedim, gyzym Aýlar jan dünýä inensoň, bi

Çagalaryň gürrüňi

 «7/24.tm», № 10 (93), 07.03.2022.  ILLER BIZI GYZYKLANDYRANOK

Mukaddes ynsan

Ene! Şu sözden ýakymly söz barmyka?! Megerem ýokdur. Halkymyz ulyny sylamak, hormatlamak, kiçini söýmek ýaly ýörelgelere uly ähmiýet berýär. Bu ýörelge özüniň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Jemgyýetiň jebisligi maşgaladan başlanýar. Maşgalada perzende berilýän terbiýe bolsa eneden başlanýar. Şunda enä bolan çäksiz söýgini näçe beýan etseň hem bärden gaýdýar. «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» diýen pähim hemmämize mälimdir. Maşgalada enäniň tutýan orny belentdedir. Onuň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewleriniň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan, giň dünýägaraýyşly, belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän kämil nesiller kemala gelýär.

Ýylyň mährem zenany

Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan häzirki toý günleri Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda ýaşaýan Aýbölek Baýramowa ýatdan çykmajak pursady peşgeş berdi. Bu bagtyýar ene Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan guwandyryjy işleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine asylly goşant goşýan, öňdebaryjy zenanlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginde ýeňiji bolup, «Ýylyň mährem zenany» diýen ada mynasyp görüldi. Munuň özi enäniň döwletli ojagyna egsilmejek şatlyk getirdi. Aýbölek Baýramowa il-günümize, Gahryman Arkadagymyza wepaly, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinen, köp çagaly, bagtyýar zenanlaryň biri. Ol sekiz çaganyň — üç ogul, bäş gyz perzendiň enesi. Bu gün perzentlerine we üç agtygyna guwanyp ýaşaýan, döwlet tarapyndan köp çagaly enelere berilýän durmuş ýeňilliklerinden ruhlanan ene çaga terbiýesine uly üns bermek bilen birlikde, etrap, welaýat derejesindäki medeni-köpçülik işlerine-de işjeň gatnaşýar. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinden hem çetde durmaýar.

Terbiýe mukaddesdir

Şahsyýetiň ahlak kadalaryna laýyklykda, daş-töwereginde bolup geçýän zatlara baha bermegi we şoňa görä hereket etmegi netijesinde ahlak keşbi kemala gelýär. Ýokary ahlakly adam her hili kyn şertlerde hem ejizlemän, halal ýaşamaga çalyşýar, arassa gazanjynyň hasabyna eklenýär, şol ruhda hem çagalaryny terbiýeleýär, elmydama döwletiň kanunlarynyň öňünde şahsy jogapkärçiligini duýup, olara hormat goýup ýaşaýar hem-de kanunyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Şeýle ýokary ahlakly halkyň döwlet binýady hem berk bolýar. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň bitiren beýik işleri bu gün halkymyzyň durmuşynda has aýdyň duýulýar. Ynsanyň ahlak terbiýesi maşgala ojagyndan başlanýar, mekdep ýyllarynda dowam etdirilýär, soňra şahsyýet ahlak sapaklaryny jemgyýetden özbaşdak alyp başlaýar. Türkmen jemgyýetinde edepli bolmak, arassa, halal ýaşamak, zähmeti söýmek dowamly öwredilýär we ýaşlaryň aňyna guýulýar. Elbetde, bu meselede maşgalanyň we mekdep mugallymlarynyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär.

Agzybirligiň sütüni

Agzybirlik hakynda söz açylanda, ilkinji nobatda mähriban enäniň keşbi göz öňüňe gelýär. Çünki, maşgalanyň asuda, abadan bolmagynda enäniň uly orny bar. Ene maşgala agzalarynyň uludan-kiçi ählisiniň göwnüni awlamagy başarýar. Bilmezlikden ýalňyşlyk edeni mähir bilen dogry ýola gönükdirýän hem ene. Onuň paýhasy bilen maşgalada birek-birege bolan mähirli gatnaşyklar, agzybir durmuş kemala gelýär. Çünki ene agzybirligiň sütüni. Ene mähremligi hakynda uzakly günläp, hatda, aýlap, ýyllap gürrüň edilse-de, aýdara söz tapylar. Sebäbi ene mähriniň özi suwy egsilmeýän uç-gyraksyz umman ýaly, onuň aňyrsyna göz ýetirjek gümanyň ýok. Şu ýerde, nireden eşidenligim ýadyma düşenok, ýöne kalbymda hemişelik orun alan bir waka hakynda gürrüň beresim gelýär.

Sen — tutuş goşgyň içinde, iň oňat görýän setirim!

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022. Aýdym-saz göwnüňe ganat berýär, ruhuňy göterýär. Çünki aýdymlar içki duýgyňy okaýan ýaly ýürek taryňa kakyp goýberýär. Onsoň, isleseň-islemeseňem, içiňden hiňleneniňi duýman galýarsyň. Bu hemişe-de şeýle.

Öý ýaraşygy — çaga

«7/24.tm», № 09 (92), 28.02.2022. Baýyň ogly barga oýnar,