Agzybirlik hakynda söz açylanda, ilkinji nobatda mähriban enäniň keşbi göz öňüňe gelýär. Çünki, maşgalanyň asuda, abadan bolmagynda enäniň uly orny bar. Ene maşgala agzalarynyň uludan-kiçi ählisiniň göwnüni awlamagy başarýar. Bilmezlikden ýalňyşlyk edeni mähir bilen dogry ýola gönükdirýän hem ene. Onuň paýhasy bilen maşgalada birek-birege bolan mähirli gatnaşyklar, agzybir durmuş kemala gelýär. Çünki ene agzybirligiň sütüni.
Ene mähremligi hakynda uzakly günläp, hatda, aýlap, ýyllap gürrüň edilse-de, aýdara söz tapylar. Sebäbi ene mähriniň özi suwy egsilmeýän uç-gyraksyz umman ýaly, onuň aňyrsyna göz ýetirjek gümanyň ýok. Şu ýerde, nireden eşidenligim ýadyma düşenok, ýöne kalbymda hemişelik orun alan bir waka hakynda gürrüň beresim gelýär.