HABARLAR

Öýjagaz

Gerekli esbaplar: • Gaty kagyz;

Miweli doňdurma

Mähriban çagalar, tomus paslynda ulularyňam, çagalaryňam göwnüni göterip biljek tagamy taýýarlap, ýakynlaryňyzy begendirmek isleýän bolsaňyz, olara dürli miwelerden we ir-iýmişlerden taýýarlanýan doňdurmany hödürläň! Gerekli önümler:

De­mir­ýol­çu­lar maş­ga­la­sy

Toýly agany köpler tanaýan bolsa gerek. Asyl olara demirýolçular maşgalasy hem diýilýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz aras­sa, ha­lal zäh­met çek­me­giň her bir ada­ma eş­ret ge­tir­ýän­li­gi­ni «Çek­seň zäh­met, ýa­gar reh­net» di­ýen pa­ra­sat­ly pä­him­de be­ýan edip­dir­ler. Özü­niň bü­tin öm­rü­ni Wa­ta­ny­my­za, il-gü­nü­mi­ze hyz­mat et­mä­ge ba­gyş­lap, zäh­met­den bagt ta­pan bagtyýar maş­ga­la­sy bar. Ata-babaňdan gelýän asylly käri dowam etdirip, nesliňe geçirmek, elbetde, döwletlilikden nyşandyr. Toý­ly aga 1980-nji ýyl­da Or­ta Azi­ýa de­mir ýo­lu­nyň Aş­ga­bat ra­ýat des­ga­la­ry eda­ra­sy­nyň iş­çi­si bo­lup zäh­met ýo­lu­na ga­dam bas­ýar. Ýaş­lyk joş­gu­ny bi­len ruh­lan­ýan ýaş ýi­gi­diň oku­wa bo­lan hö­we­si ony Daş­kent şä­he­rin­dä­ki De­mir ýol ulag­la­ry­nyň in­že­ner­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan ins­ti­tu­ta alyp bar­ýar. Oku­wa uly yh­las bi­len ýa­py­şan Toý­ly 1995-nji ýyl­da bu ins­ti­tu­ty üs­tün­lik­li ta­mam­lap, in­že­ner-me­ha­nik hü­nä­ri­ni ele alyp, «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» mü­dir­li­gi­niň de­po bo­ýun­ça no­bat­çy­sy we­zi­pe­sin­de işe baş­la­ýar.

Ýeňňeli gyz — ýaraşykly

Bu diýilýäni ýönelige däl bolsa gerek. Gelnejeň öýüň törüne bezegkä, kalbyňda armanyň bolmaz. Ol öýe gelin bolup gelende daşyndan agras, dymmarak ýalydy. Öz ýanymdan: «Nädip öwrenişerkäm» diýip, oýlanýardym. Aslynda, agasy bar bolan gyzlaryň arzuwy gelnejeli bolmak bilen bagly. Tutuş syrgyndaky joralarymyň gelnejeleri bolansoň, olaryň bu sözi süýjedip aýdyşlaryna, dogrusy, gözüm giderdi. Ine, şol sözi mähir bilen aýtmaly günlerim hem ýetip gelipdi. Özümiň çekinjeňligimdenmi bilmedim, men onuň bilen birbada öwrenişip gidibermedim. Göräýmäge ol geplemezek ýaly, ýöne öwrenişseň ondan şadyýan, göwnaçyk barmyka diýýärsiň. Onuň sypaýylygy, hoşniýetliligi, mähribanlygy maňa juda ýaraýardy. Biz bäş uýa bolup, gelnejemize iň ýakyn hossar bolduk. Ejemden aýra düşen günümizden ol biziň gaýgy-gussa batyp gezmezligimiz üçin jan etdi, göwünlik berdi, köşeşdirdi. Gelnejem meniň bilen juda pikirdeşdi. Bir işiň başyny tutjak bolsam hem ol meniň esasy maslahatçymdy. Ýogsam indi özüm hem bir öýüň bikesi bolup, bir ojagyň günemasyny ýanýoldaşym bilen agzybir çekip ýörün, ýöne şonda-da käte aljyraňňy ýagdaýa düşsem, şol pursat gelnejeme sala salanymy kem göremok. Onuň berýän maslahatlary meniň üçin ýerlikli çykalga bolýar duruberýär.

Eneler örkümiz — çagalar geljegimiz

Enäniň ähli aladasyny ýadyndan çykardyp, onuň güýjüne güýç goşýan, kalbyna nur çaýýan müşki ys üýtgeşikdir. Ol gundagdaky bäbejigiň ysy. Maşgalanyň agzybirligi-de şonuň bilen berkeýär. Hut şonuň üçinem maşgalany baga, perzendi gül-gunça deňeýändir halkymyz. Şeýle bolansoň, türkmen «Maşgalam — baş galam», «Çagaly öý — bazar» diýýändir. Ata-enäniň maşgaladaky görüm-göreldesiniň öz nesillerinde dowam etmegi-de durmuş atly «duralgada» mesaňa görnüp duran hakykatdyr. Durmuşyň gül-gunçalaryna deňelýän çaga — maşgalanyň bezegi, öýüniň ýaraşygy, ene-atanyň gözüniň nury, başynyň täji, Watanymyzyň daýanjy. Aslynda, gelinlik dünýäsiniň gapysyndan ätlän her bir zenan üçin «ene» diýen mukaddes ada, enelik duýgusyna eýe bolmak bagtyndan uly dereje ýokdur. Täze dogan bäbejigi gujagyňa gysyp, bäbekhanadan dolanyp, öýüniň bosagasyndan ätlän ene şol mukaddes ojagyň alawyny dowam etdirjek nesli, tutuş dünýäni göterip gelýän ýalydyr. Şeýle bolansoň, halkymyz köp çagalylygy döwletiň, rysgalyň başy hasaplaýar.

Maşgala terbiýesi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary bagtyýarlyk döwrüniň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Halkymyzyň müňýyllyklardan gelýän milli we medeni mirasyna goýýan hormaty, söýgüsi bimöçberdir. Köki taryhyň çuňluklaryna ornan milli ýörelgelerimiziň iň naýbaşylarynyň biri hem ata-enä goýulýan hormatdyr. Bu mesele babatda pederine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz hem-de  Arkadagly Serdarymyz biziň her birimiz üçin aýdyň görelde mekdebidir.  

Terbiýe maşgaladan başlanýar

«Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, Ogul atadan görelde almasa, supra ýaýmaz» «Gorkut ata» şadessanyndan.

Gyz edebi — il edebi

Türkmeniň buýsanjy Ata-babalarymyzyň miras goýan milli däp-dessurlary biziň her birimizi buýsandyrýar. Şolaryň biri hem millilikdir. Millilik türkmeniň ganyna siňen iň gymmatly mirasdyr. Häzirki döwürde gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýetine aýratyn uly üns berilýär. Ýakasydyr ýeňleri el işleri bilen bejerilen ýanly köýnekleri geýýän her bir zenan, diýseň, asylly, salyhatly, sypaýy görünýär. Saçlary iki örülen başlary tahýaly gyzlary synlanyňda guwanmazlyk, asla, mümkin däl. Pederlerimiziň: «Gyz edebi — il edebi», «Gyz gylygyndan belli» diýşi ýaly, gelin-gyzlarymyza mahsus häsiýetler millilik bilen sazlaşyp, gözellige beslenip türkmeniň buýsanjyna öwrülýär.

Pikir ýöretme

Zenanlaryň ýaraşygy — edep Zenan gözelligi. Eýsem, bu owadan dünýäniň ýaraşygy zenan gözelligi dälmi näme?! Pälwan sypat goç ýigitleri dyza çökerýän zenan gözelligi dälmi? Eýjejik bala-çagalary daşyňda pyrlandyrýan gudrat hem zenan gözelligi, ene mähri ahyryn.

Gyzdyr göwün hoşy

Maşgalada “Çaga — eziz, edebi ondanam eziz” diýlenine eýerilip, gyz çaganyň terbiýesine aýratyn üns berilýär. “Gyzym bar — gyzylym bar” diýýän, gyzyny göwün hoşum diýip söýgüleýän ene-ata gyz perzendiniň edep-ekramly, asylly, bagtly bolmagyny arzuwlaýar. Gyz maşgalanyň gözelligi onuň tebigy görkünde, edebinde, adamkärçiliginde jemlenendir. Enelerimiz gyzjagazlara, ilki bilen, içeriniň, daşarynyň arassalygyny saklamagy, şeýle hem başardygyndan tikin tikmegi, keşde çekmegi, gaýma gaýamagy, dürli tagamlary taýýarlamagy öwredipdirler. Şeýle hem gelen myhmany güler ýüz bilen garşylap, saçak ýazyp, hezzet-hormat etmegi öwretmäge çalşypdyrlar.