HABARLAR

Siziň baýramçylyk saçagyňyza

«Gyş» işdäaçary Gyşda, ter gök önümleriň azlyk edýän döwründe kartoşkadan, şugundyrdan, käşirden we beýleki duzlanan hem-de konserwirlenen gök önümlerden işdäaçarlary taýýarlap bolar.

Nesil saglygynyň goragynda

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen ýaşlaryň sagdyn, bagtyýar ösüp ýetişmekleri barada aýratyn alada edilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen gününden esasy aladasynyň ýaş nesil barada boljakdygyny aýratyn belläp geçdi. Ata Watanymyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek üçin döwrebap hassahanalarymyzda we anyklaýyş-bejeriş merkezlerinde ähli mümkinçilikler döredilendir. Il saglygyny ähli zatdan ileri görýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada yzygiderli alada edýär. Saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak babatda edilýän işler hem giň gerimlidir. Şonuň netijesinde raýatlarymyzyň ömrüniň ortaça dowamlylygy birsyhly artýar, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňi alynýar, eneleriň we çagalaryň keselçiligi peselýär. Ýurdumyzda ysmaz, gyzzyrma, drakunkulýoz keselleri bolsa doly ýok edildi.

Jemgyýetimiziň owadan keşbi

Maşgala mukaddesligi birek-birege bolan söýgi we hormat bolmak bilen birlikde, milli  gymmatlyklary, ahlak ýörelgeleri nesillerden-nesillere geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda: «Her bir maşgalada çaganyň dünýä inmegi, onuň ilkinji ýylgyryşy, ilkinji ädimi, ilkinji sözi aýtmagy we beýleki wakalar maşgalanyň ýakymly ýatlamalarynyň taryhyna ornaýar. Maşgala toýlaryny halkymyzyň uludan tutýandygy, şowhunly belleýändigi hem özbaşyna bir söhbet. Şeýle toýlarda süýji ýatlamalar jemlenýär» diýip, maşgala dessurlarynyň milli köklerini açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem maşgalanyň hukuk binýadyny berkidýän ýörelgeler we düzgünler döwletiň möhüm kanunçylyk ýörelgesi bolup durýar. Şunda  Maşgala kodeksi bagtyýar ojaklaryň döremeginiň, kemala gelmeginiň hukuk binýadyny üpjün edýär.

Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmagyň tertibi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyndaky hukuk kadasynda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyklary we şol bir wagtyň özünde, borçludygy barada-da nygtalýar. Mähriban Diýarymyzda maşgala hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin döwlet derejesinde giň şertler döredilýär. Türkmenistanda dünýä inen her bir çaga döwlet tarapyndan bellige alynmaga  degişlidir. Munuň üçin çaganyň ene-atasy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da ene-atanyň (olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki) RÝNÝ edarasyna ýüz tutýarlar. Çaganyň dogluşy tarapyndan bellige alynmagy üçin degişli RÝNÝ edarasyna ýüz tutulan güni döwlet belligine alyş işi amala aşyrylýar.

Terbiýäniň çägi bolmaz

Maşgala — döwletiň bir parçasy bolup, onda edepli-ekramly çagalary ösdürip kemala getirmek borjy tutuş jogapkärçiligi bilen ene-atanyň gerdenine düşýär. Çaga berilýän kämil terbiýe bolsa ene süýdi bilen ornaşýar. Sebäbi çaga başlangyç terbiýesini enäniň kalbyndan susup alýar. Hut şonuň üçin, başlangyç terbiýe ynsanyň geljekki ykbalyny çözýän esasy çesmesidir. Maşgala terbiýesinde esasy orun aýal maşgala degişli bolýar. Çünki adamzadyň sallançakdan başlanýan ömür ýolunyň dowamynda çagalyk döwri ejesi bilen has ysnyşykly ýagdaýda geçýär. Maşgalada ata-enäniň çagalara berýän terbiýesi, ilki bilen, görüm-göreldeden başlanýar. Şeýlelikde, çagalar ata-enäniň gylyk-häsiýetlerini, görkezen göreldelerini, ahlak häsiýetlerini öz kalbynda kemala getirip, olara ömür berýärler. Şol sebäpli ata-ene nähili bolsa, çagasy hem şolar ýaly bolar. Biziň hemmämiz çagalyk müçesini başdan geçirdik. Bu döwürde ene-atanyň hereketleri terbiýäniň iň esasy, aýgytlaýjy tapgyrydyr. Terbiýäniň aýgytlaýjy döwri, esasan, on dört ýaşa çenlidir. Şu döwürde olara ýagşy zatlary näçe köp öwredip bildigiňçe, şonça-da ýagşydyr. Eger-de zergär işinde ýalňyşlyk goýberse, ol ony düzedip biler. Emma terbiýe meselesinde goýberilen säwligi welin, düzetmek kyn düşer.

Mukaddeslik

Ýaşyň ulalyp, akylyň goýaldygyça düşünjäň we dünýägaraýşyň giňäp barýar. Soňky wagtlar nämüçindir tebigata ýakyn bolupdyryn. Ene topragyň üstünde — çägelik, otjumak meýdanlarda oturyp, baglaryň saýasynda saýalap, guşdur gumrularyň durmuşyna syn edýärin. Geň galaýmaly, hat-da guşlaryň durmuşy hem adamlaryň durmuşyna çalymdaş. Men muny diýmek bilen, ene barada gürrüň etmek isleýärin. Ene hemme ýerde we ähli wagtda eneligine galýar. Täsinje owaz edýän ene gumry, ine, ýene çagalaryny naharlamaga başlady. Uzynly gün agzy bilen nämedir bir zatlar daşap, üç çagasyny ekleýän ene gumrynyň öz ahwalyndan welin hiç kimiň habary ýokdy. Olar diňe ene ganatynyň aşagynda ýylanyp, onuň getiren zatlaryny iýmek bilen rahatlanýardylar. Ene gumryny synlap oturyşyma ejeler hakynda pikire çümdüm. Näçe ýaşandygymyza garamazdan, howa sowasa egnimizdäki eşiklerimizdir iýen-içen zatlarymyz, saglygymyz bilen içgin gyzyklanyp, jany-teni bilen bizi gorap ýören ejelerimiz, gör, biz üçin näçe zähmete, näçe jebir-jepa döz gelipdirler. Ukusyz geçirilen gijeler, irginsiz zähmetler, üzüp bolmajak yhlaslar...

Çörek mukaddesligi

Türkmen halky ýedi zady has mukaddes hasaplaýar: Watan, ene-ata, Gurhan, çörek, maşgala, öwlüýä, namazlyk. Mukaddes zatlar hiç wagt harlanylmaýar, gözüň göreji ýaly goralyp saklanylýar. Aslynda halkymyzda «türkmençilik» diýlip atlandyrylýan medeniýet dürli mukaddeslikleri has çuňňur düşünjä öwrüpdir, däpleri hem ynançlary mazmun taýdan giňeldipdir. Bu çörek babatda-da şeýle. Çörek mukaddesligi tamdyr, kendirik, saçak mukaddeslikleriniň döremegine getiripdir we olar bir bitewi düşünjä öwrülipdir. Türkmen medeniýetinde dutara mukaddeslik hökmünde garamak hem onuň tamdyr bilen baglylygyndan bolup biler. Sebäbi dutarçy ussalar dutar ýasanlarynda, onuň kädisini tamdyra tutup, göwnejaý bişirýärler. Dutara «tamdyra» diýilmegi hem şonuň bilen bagly bolmagy mümkin.

Milli edep-terbiýe ýörelgeleri

Adamyň kemala gelmeginde terbiýä uly orun degişlidir. Terbiýeçilik işi uly nesliň möhüm wezipesidir. Türkmen halky terbiýä uly üns berýän halk, muny «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz», «Adam — terbiýä, at seýse bagly» ýaly nakyllarynda beýan edipdir. Terbiýeçilik işi çaga ideg etmegi, ony eklemegi, onuň saglygy, bedeniniň dogry ösmegi, akyl, erk-ahlak, ruhy taýdan kemala gelmegi ugrunda alada etmegi, oňa ýagşyny, ýamany tapawutlandyrmagy öwretmegi, zähmete taýýarlamagy öz içine alýar. Halk arasynda şeýle bir pähim bar: «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir». Milletiň kämil ýörelgelerini dowamat-dowamata atarýan kämil bilim-terbiýeli nesillerdir. Her bir halkyň öz milli ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, milli häsiýetini şöhlelendirýän edep-terbiýe medeniýeti bar. «Gorkut ata» şadessany, «Kowusnama», Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy azat» eseri, Magtymguly Pyragynyň we nusgalyk şahyrlarymyzyň döredijiligi, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlaryň eserleri türkmen halkynyň edep medeniýetini şöhlelendirmekde uly ähmiýete eýedir. Halk arasynda adamyň edep-terbiýesine baha berlende, ilki bilen, onuň adamkärçiligi göz öňünde tutulýar. Halkymyz «Alym bolmak aň

Terbiýe mekdebi

GÖK ÖNÜMLI PEÝNIRLI KOTLET

Ynsan saglygyna peýdaly bolan gök önümlerden taýýarlanylýan tagamlar ýylyň islendik paslynda hem saçagyň bezegi bolup durýar. Şeýle tagamlaryň biri-de, peýdalylygy, tagamy bilen köpleriň söýgüsini gazanan gök önümli, peýnirli kotletdir. Öý bikeleri üçin taýýarlamasy örän ýönekeý bolan bu kotletiň taýýarlanylyşyny žurnalymyzyň şu gezekki sanynda paýlaşmagy makul bildik. Gerekli önümler: