Göwün bagym aýal dogan

31 Oktýabr 2024
590

Adam näçe uzak ýaşadygyça, durmuşa, daş-töweregindäkilere garaýşy, gatnaşygy belli bir derejede özgerýän eken. Bir öýde önüp-ösüp, bir saçakdan nan iýýän doganlaryň bilen käte-käte basdaşlyk edip, öýkeleşen wagtlaryň — çagalyk döwrüň yzda galýar. Her kim bir ojagyň eýesi bolýar. Özüň ene bolup, durmuşyň köp aladaly ýollaryndan ýöräp, ep-esli ýaşa ýeteniňden soň, ene-atanyň, doganlaryň gadyr-gymmatyna has çuňdan, bütin kalbyň bilen düşünýärsiň. Ylaýta-da, aýal doganyň orny aýratyn bolup, göwün bagyň ýyl-ýyldan berkeýär eken.

Aýal doganyň bilen häli-şindi görşüp durmak, birek-birege jaň edip hal-ahwal soraşmak, aladalaryňy paýlaşmak ömrüň, ýaşaýşyň üçin iň bir zerurlyk bolup durýar. Işigiňde toý bolsa, ilki bilen, aýal doganyň ýetip gelýär. Nähoşlap, başyň ýassyga ýetse, halyňdan habar alyp, hemaýat berýän hem aýal doganyň.

Ýazjemal NEPESDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň kitaphanaçysy.