Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyndaky hukuk kadasynda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyklary we şol bir wagtyň özünde, borçludygy barada-da nygtalýar. Mähriban Diýarymyzda maşgala hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin döwlet derejesinde giň şertler döredilýär.
Türkmenistanda dünýä inen her bir çaga döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir. Munuň üçin çaganyň ene-atasy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da ene-atanyň (olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki) RÝNÝ edarasyna ýüz tutýarlar. Çaganyň dogluşy tarapyndan bellige alynmagy üçin degişli RÝNÝ edarasyna ýüz tutulan güni döwlet belligine alyş işi amala aşyrylýar.