HABARLAR

Ýaglar we saglyk

Häzirki döwürde iýmitimizde dürli ýaglary ulanýarys. Adamyň iýmitinde ýaglaryň köptaraply ähmiýeti bar. Sagdyn iýmitlenmekde ýaglaryň bolmagy hem möhümdir. Şunda olaryň görnüşine we mukdaryna üns bermeli.  Ösümlik ýaglary sagdyn iýmitlenmegiň bir bölegidir. Künji ýagy. Künji ösümliginiň dänesinden alynýan ýagynyň peýdasy irki döwürlerden bäri bellidir. Ol halk lukmançylygynda giňden peýdalanylypdyr. Künjiniň dänesiniň 50-60 göterimi ýagdan ybarat bolýar. Künji ýagy mikroelementlere we ýag turşularyna baýdyr. Onda E we K witaminleri bardyr. Künjüdäki ýag turşulary ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr we sowuklama garşy täsiri bilen bellidir. Ol iýmitlere goşulanda, adam bedeninde ýeňil siňýär. Künji ýagy nerw ulgamynyň, beýniniň kadaly we oňat işlemegine ýardam edýär. Ýatkeşligi gowulandyrmakda, içege, bagyr kesellerinde hem künji ýagy peýdaly hasaplanylýar. Ol ganda ýaramaz holesterinleriň, şekeriň derejesini azaldýar. Deriniň we saçyň sagdynlygyny gazanmakda hem peýdalydyr.

Sowuk howada bedeniňi taplap durmaly

Her paslyň özüne görä aýratynlyklary bolýar. Şonuň üçinem saglygymyzy gorap saklamak üçin her paslyň aýratynlyklaryna görä, möwsümleýin kadalary berk berjaý etmeli. Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek  möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmaly. Sowuk howada kesel dörediji wiruslaryň işjeňligi ýokarlanýar. Şonuň üçinem bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin iýmite aýratyn üns bermeli. Sagdyn iýmitlenmek adama güýç-kuwwat, saglyk berýär, kesellerden goraýar. Sowuk howada adam bedenine mikroelementler has zerur bolup durýar. Kalsä, demre, ýoda, sinke we beýleki mikro- elementlere baý önümleri iýmek maslahat berilýär. Gündelik iýmitiň tertibinde miweler, ir-iýmişler, ter otlar, gök-bakja, süýt we süýt önümleri bolmalydyr. C witaminine baý bolan önümleri iýmek bilen, saglygyňyzy berkidip bilersiňiz. Limon, apelsin, mandarin ýaly sitrus miweleri witaminlere baýdyr. Ýokanç kesellerden goranmakda düzüminde fitonsidler bolan sarymsagyň peýdasy ýokarydyr.

Melhemler mekany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildiniň çap edilmegi ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Milli Liderimiziň bu köp jiltli ylmy neşiri diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döretdi. Şu jähetden, tutuş adamzat nesliniň saglygynyň goragy ugrundaky ägirt uly zähmeti özünde jemleýän bu ylmy-ensiklopedik işiň her jildi okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýar. Eşretli durmuşyň baş sakasynyň saglykdadygy baradaky halk paýhasyndan ugur alýan döwlet syýasatymyzda adamlaryň saglygyny goramak, berkitmek we ömürlerini uzaltmak maksatly tagallalar ähli babatda ileri tutulýar. Şu jähetden, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ygtybarly ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ylmy esasda, dünýä derejesine galdyrmaga aýratyn uly yhlas siňdirilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy işleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemelidiris. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildiniň häzirki ajaýyp günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy halkymyzyň şatlygyny goşalandyran möhüm

Peýdaly maslahatlar

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. — Arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli.

Gök çaý

Çaý... Bu sözde näçe many bar, näçe ylham bar...Çaý başynda näçe nusgawy eserler döredi, näçe söhbetler edildi, näçe arzuw-hyýallaryň başy tutuldy. Çaýy ylmy taýdan öwrenen Tan döwrüniň şahyry Lu Ýuý «Çaýy uzak içseň, ganat berer» diýip belläpdir. Onuň «Çaý kanuny» atly kitaby dünýä ýüzünde çaý barada ýazylan ilkinji ylmy işdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly eserinde hem bu şahyr barada aýdylyp geçilýär. Şahyr öz eserinde çaýyň ösdürilişi, taýýarlanylyşy we demlenilişi barada jikme-jik maglumat berýär.

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine çykýan ýurdumyz gysga döwrüň içinde ähli ugurlarda ýokary üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 11 — 16-njy noýabry aralygynda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň ýokary derejede geçirilmegi we onda türkmen türgenleriniň uly üstünlikleri gazanmaklary hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Türkmenistan dünýäde sportuň işjeň ösdürilýän ýurdy hökmünde mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ýokary netijeli sporty ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň, hokkeý boýunça halkara ýaryşyň we beýleki sport bäsleşikleriniň geçirilmegi ýatdan çykmajak wakalar boldy.

Bronhitden ägä boluň!

Bronhit dem alyş turbajyklaryna, ýagny bronhlara wiruslaryň düşmegi sebäpli döreýän keseldir. Bu keseliň kliniki alamatlary we geçişi boýunça bir-birinden tapawutlanýan ýiti hem-de dowamly görnüşleri bar. Lukmanlar onuň ýene-de bir görnüşini — obstruktiw bronhiti tapawutlandyrýarlar. Ýiti bronhit näsagyň güýçli üsgürmegi, gakylygyň bölünip çykmagy we onuň mukdarynyň kem-kemden artmagy bilen häsiýetlendirilýär. Keseliň ilkinji alamatlary gury üsgülewik hasaplanýar.

Uzak hem ma­ny­ly öm­rüň göz­ba­şy

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Sag­lyk — yn­sa­nyň iň gym­mat­ly baý­ly­gy. Yn­san ja­ny sag bo­la­nyn­da öňün­de aý­dyň mak­sat­la­ry goý­ýar, dur­mu­şa, ýa­şaý­şa hö­we­si art­ýar. Edil şo­nuň ýa­ly, sag­dyn ru­huň bol­ma­gy hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Sag­dyn ruh, sag­dyn be­den­li bol­mak üçin bol­sa sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­jaý et­mek mö­hüm­dir.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri — mak­sat­la­ryň çel­gi­si

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýa­daw­syz ta­gal­la­la­ry bi­len eziz Di­ýa­ry­myz Türk­me­nis­tan sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň me­ka­ny­na öw­rül­di. Yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, jem­gy­ýe­ti­mi­ze sag­dyn ýa­şa­ýyş-dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan adyl sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Bü­tin­dün­ýä süý­ji ke­se­li­ne gar­şy gö­reş gü­ni

«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024 Bü­tin­dün­ýä süý­ji ke­se­line gar­şy gö­reş gü­ni 1991-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl bel­le­nil­ýär. Bu ke­sel hä­zir­ki wag­ta çen­li dün­ýä­dä­ki iň howp­ly ke­sel­le­riň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Bu hal­ka­ra se­ne bü­tin­dün­ýä süý­ji ke­sel­li­ler jem­gy­ýe­ti­niň, şol san­da luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri­niň, gu­ra­ma­la­ryň we şah­sy­ýet­le­riň ösü­şi art­ýan bu epi­de­mi­ýa gar­şy gö­reş­de bir­leş­ýän gü­ni bo­lup dur­ýar. Süý­ji ke­se­li­ne gar­şy bü­tin­dün­ýä gü­ni il­kin­ji ge­zek 1991-nji ýyl­da Hal­ka­ra dia­bet fe­de­ra­si­ýa­sy we Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan bu ke­se­liň ýaý­ra­ma­gy­na jo­gap hök­mün­de dö­re­dil­di.