Sowuk howada bedeniňi taplap durmaly

20 Noýabr 2024
226

Her paslyň özüne görä aýratynlyklary bolýar. Şonuň üçinem saglygymyzy gorap saklamak üçin her paslyň aýratynlyklaryna görä, möwsümleýin kadalary berk berjaý etmeli. Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek  möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmaly. Sowuk howada kesel dörediji wiruslaryň işjeňligi ýokarlanýar. Şonuň üçinem bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin iýmite aýratyn üns bermeli. Sagdyn iýmitlenmek adama güýç-kuwwat, saglyk berýär, kesellerden goraýar. Sowuk howada adam bedenine mikroelementler has zerur bolup durýar. Kalsä, demre, ýoda, sinke we beýleki mikro- elementlere baý önümleri iýmek maslahat berilýär. Gündelik iýmitiň tertibinde miweler, ir-iýmişler, ter otlar, gök-bakja, süýt we süýt önümleri bolmalydyr. C witaminine baý bolan önümleri iýmek bilen, saglygyňyzy berkidip bilersiňiz. Limon, apelsin, mandarin ýaly sitrus miweleri witaminlere baýdyr. Ýokanç kesellerden goranmakda düzüminde fitonsidler bolan sarymsagyň peýdasy ýokarydyr.