Sagdynlyk — bagtyýarlyk

19 Noýabr 2024
175

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine çykýan ýurdumyz gysga döwrüň içinde ähli ugurlarda ýokary üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 11 — 16-njy noýabry aralygynda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň ýokary derejede geçirilmegi we onda türkmen türgenleriniň uly üstünlikleri gazanmaklary hem munuň aýdyň güwäsi boldy.

Türkmenistan dünýäde sportuň işjeň ösdürilýän ýurdy hökmünde mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ýokary netijeli sporty ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň, hokkeý boýunça halkara ýaryşyň we beýleki sport bäsleşikleriniň geçirilmegi ýatdan çykmajak wakalar boldy.

Oguljennet JUMALYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.