HABARLAR

Eşretli ýaşaýşyň höziri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ynsan saglygyny goramak we onuň immun ulgamyny berkitmek bolup durýar. Şu mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek babatda giň gerimli işler amala aşyrylyp, ilatyň sagdyn we uzak ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýiti respirator keseli — möwsümleýin ýüze çykýan kesellere degişli bolup, gysga wagtyň dowamynda ýaýraýandygy bilen tapawutlanýar. Ol ýokarky dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryny zeperlendirýär. Wiruslar ýapyk otaglarda birnäçe sagadyň dowamynda öz işjeňlik ukybyny saklap bilýändir. Olaryň adam bedenine ýokarky dem alyş ýollarynyň nemli bardalary arkaly aralaşýandygy sebäpli, keseliň kliniki ýüze çykmalary we alamatlar toplumy hem bu agzalaryň zeperlenmegine mahsus häsiýetlere eýe bolýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi işjeň ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar, ýokary derejeli sport düzümleri kemala gelýär. Şol ajaýyp desgalarda sportuň ähli görnüşleri bilen birlikde welosiped sportunyň ösmegine gönükdirilen sport bäsleşikleri, türgenleşikler hem yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welosiped sürmek ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup durýar. Ol adam bedeniniň kämilleşmegine we kesellere garşy durmagyna ýardam berýär.

Lukmanyň maslahaty

Pisse Pisse örän peýdaly iýmit önümleriniň biridir. Türkmenistanda pissäniň 2 görnüşi, adaty we Bathyz pisse gabat gelýär. Pisse tokaýlygy Bathyz döwlet goraghanasynda birnäçe müň gektarlara ýaýylyp ýatyr. Pissäniň 100 gramynda 560 kilokaloriýa bolýar, şeýle hem 68%ýag, 20% töweregi belok, 15-27% uglewod we suwuň 4,4 gramy bar. Onuň düzüminde E, C, A, witaminler toplumy, nikotin kislotasy bardyr. Minerallardan kaliý, magniý, kalsiý, fosfor, demir, ýod, mis, kükürt, selen, sink, kremniý, marganes bar. Hytaýlylar pissä «bagt hozy” diýip at beripdirler.

Derde derman ary baly

Ary baly dürli keselleriň öňüni almakda, bedeni kuwwatlandyrmakda gymmatly tebigy önüm hökmünde irki döwürlerden bäri halk tebipçiliginde we häzirki zaman lukmançylygynda giňden ulanylýar. Balyň düzüminde peýdaly antioksidantlaryň, C, B witaminler toparynyň we mineral maddalaryň köp mukdary saklanylýar. Onuň mikroblara, kesel dörediji bakteriýalara garşy göreşmekde işjeňligi hem ýokarydyr. Çopantelpek, ýandak gülünden alnan ary baly dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda peýdalydyr. Gaýnan suwa, çaýa garylan ary baly gyzgynlygyna nahardan öň içilende, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, bedendäki alyş-çalyş hadysasyny güýçlendirýär. Sowuk suwa garylyp içilende, aşgazan şiresiniň bölünip çykarylyşyny ýokarlandyrýar. Limon bilen bal goşulan çaý dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, möwsümleýin sökelliklerde has-da haýyrlydyr. Ol fiziki, akyl we ruhy ýadawlygy aýyrýar, bedeni rahatlandyrýar we işjeňligi ýokarlandyrýar.

Bagtyýar durmuşyň möhüm şerti

Durmuşymyzyň bagtyýar bolmagynyň düýp manysy sagdynlykda jemlenýär. Bu barada ençeme pähimleri döreden pederlerimiz sagdynlyk ýörelgelerine asyrlar boýy ygrarly bolup gelipdirler. Halkymyz pederlerimizden miras bolup gelýän sagdynlygy, ruhubelentligi bu günki gün özüniň mizemez durmuş ýörelgesine öwürdi. Bu hakykat ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar hem-de sagdyn durmuşy bilen baglylykda alnyp barylýan işlerde aýdyň görünýär. Ajaýyp zamanada ruhubelent, sagdyn ýaşlaryň jemgyýetiň ösüşine saldamly goşant goşmagy bilen, her bir ulgamda özgerişler peýda bolýar, öňegidişlikler gazanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesliň okamagy, dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda kanunçylyk-hukuk binýady milli tejribeler esasynda berkidilýär.

Saglyk — baş baýlyk

♦Möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. ♦Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Saglygy goraýyşda hyzmatdaşlygy ilerledip

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda esasy hyzmatdaşlarynyň biri-de Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Bu gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolup, däp bolan hyzmatdaşlygyň netijesinde köpugurly öňegidişlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de GFR-iň Mýunhen şäherindäki Ýewropa çagalar ýürek merkeziniň arasynda doga ýürek kemisliklerini bejermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň baglaşylmagy degişli ugurda özara bähbitli işleri amala aşyrmaga uly itergi berer. Doga ýürek kemisliklerini bejermek boýunça hyzmatdaşlykda täze gözýetimleri açjak Ylalaşyga gol çekilmegi Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn tejribe alyşmak ýörelgesiniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylan üstünlikleri milli lukmançylyga ornaşdyrmaga, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilendir.

Sepgit sökelliklerinden ägä boluň!

Gyş öz ornuny ýaz paslyna berýär. Bu möwsüm sepgidinde saglygymyz barada aýratyn alada etmeli. Çünki gyşdan soň bedenimiz gowşaýar, bu döwürde bedeniň taplanmagy zerur. Baharyň gelmegi bilen, Gün şöhlesi ýitileşýär, gündiziň dowamlylygy uzaýar, howa barha maýlaýar. Tebigatyň janlanmagy netijesinde saglyk bilen bagly aladalar hem peýda bolýar. Adamyň bedeni ýylyň her möwsümi üçin aýratyn çemeleşmäni talap edýän çylşyrymly ulgam bolup, sepgitler elmydama durnukly geçmeýär. Eger-de saglyk aşa nerw dartgynlylygy — stresler, zyýanly endikler, keseller bilen gowşan bolsa, sepgitleriň geçişi hem dartgynly bolýar. Gyşyň ýaza geçiş döwri aýratyn çylşyrymly hasaplanýar.

Sport, fiziki işjeňlik we saglyk

Sport we bedenterbiýe medeniýetiň düzüm bölegi bolup, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini kemala getirýär. Adamyň saglygyny goramak maksady bilen, dürli sport çäreleri geçirilýär. Esasan hem sport çäreleri ýaşlaryň sagdyn ösmegini, berk bedenli bolmaklaryny üpjün edýär. Adam saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. Hereketiň özi çagalaryň ösmegine täsir edýär. Bu ýagdaý ululara garanyňda, olaryň diňe bir fiziki taýdan däl-de, eýsem, akyl taýdan ösüşine-de täsir edýär. Sport bolsa saglygy berkidiji güýçdür. Orta we gartaşan ýaşly adamlarda hereket işjeňliginiň peselmegi aterosklerozyň emele gelmegine, gan damarlaryň tonusynyň hem-de bedende gan aýlanyşynyň bozulmagyna getirýär.

Baş baýlygymyz

* Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. * Açyk arassa howada gezelenç ediň.