Limonyň peýdasy

22 Fewral 2024
1005

Alym Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda: «Biziň ata-babalarymyz ösümlikleriň organiki dünýä bilen organiki däl dünýäniň arasynda sazlaşygy ýerine ýetirýändigini duýupdyrlar we kesgitlemegi başarypdyrlar» diýip, halkymyzyň «tebigy dermanhana» hasaplan ösümlikleri  ulanmagyň tärlerini uzak ýyllaryň dowamynda netijeli kämilleşdirendikleri barada nygtaýar. Kitaplaryň her bir jildinde tebigatymyzyň dermanlyk ösümliklerini ulanmagyň baý tejribeleri barada täsirli maslahatlar berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik eserinde limonyň bejerijilik häsiýetleri, onuň adam saglygyny goramakdaky ähmiýeti dogrusynda hem täsirli söhbet edilýär.

Begenç HANNYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.