Sagdyn durmuş ýörelgesi

28 Fewral 2024
937

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi işjeň ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar.

Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar, ýokary derejeli sport düzümleri kemala gelýär. Şol ajaýyp desgalarda sportuň ähli görnüşleri bilen birlikde welosiped sportunyň ösmegine gönükdirilen sport bäsleşikleri, türgenleşikler hem yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, welosiped sürmek ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup durýar. Ol adam bedeniniň kämilleşmegine we kesellere garşy durmagyna ýardam berýär.

Ýazmuhammet ORAZBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.