HABARLAR

Agyz-burun örtükleriniň ähmiýeti

Köp sanly wirus ýokançlarynyň adamlara ýokuşma ýollarynyň esasylarynyň biri howa-damja ýoly hasap edilýär. Şonuň üçin-de agyz-burun örtüklerini ulanmak wirus ýokançly keselleriň öňüni almakda iň ygtybarly serişdedir. Çünki agyz boşlugynyň suwuklyklarynyň damjalarynyň düzümindäki wiruslar üsgürilende, asgyrylanda 1,5 - 2 metre çenli ýaýrap, başga bir adamyň agyz ýa-da burun boşlugyna düşmek arkaly wirus ýokançly keselleriň ýokuşmasyny döredýär. Wiruslaryň ýaşamagy üçin nemli barda, iýmit we belli bir derejede gyzgynlyk gerekdir. Olar jansyz jisimleriň üstünde uzak ýaşap bilmeýärler. Şonuň üçin agyz-burun örtükleriniň üstüne düşen wiruslar gysga wagtyň içinde ölýärler. Şeýlelikde, keseliň ýokuşma hadysasy ýüze çykmaýar. Lukmançylyk agyz-burun örtükleri diňe bir ýokanjyň däl-de, köpsanly wirusly ýokançlaryň, şol sanda dümewiň öňüni almakda hem ähmiýetlidir. Lukmançylyk agyz-burun örtükleriniň adam saglygy üçin başga peýdalary hem bardyr. Olar adamyň dem alandaky howasyny gyzdyrmakda ähmiýetlidir. Gyş hem-de güýz paslynda daşky gurşawyň howasy sowuk bolýar we dem alnanda, agyz, burun we dem alyş ýollarynyň diwarlarynyň nemli bardasynyň gan damarlarynyň gysylmagyna getirýär. Bu bolsa ýerli nemli öýjükleriň goranyş ukybynyň peselmeg

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglygy ugrunda bimöçber aladalar edilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap hassahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilýär. Mary şäheriniň iç keselleri hassahanasynyň ultrases barlagy otagynyň lukmany Gülälek Atamyradowa hem ýanyna gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alyp, olary ultrases barlagyndan geçirýär.

Baş agyryp, baldyr syzlamasyn diýseň...

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak ugrunda uly tagallalar edilýär. Döwlet derejesinde keselleriň öňüni alyş işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, bu işe uly möçberde döwlet serişdeleri gönükdirilýär. Şonuň üçin hem biziň her birimiz özümiz hakynda edilýän bu aladalary nazara alyp, öz saglygymyza paýhasly çemeleşmäge, ony gorap saklamaga borçludyrys. Jemgyýetçilik ýerlerine barlanda, daşaryk çykylanda, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyp, howpsuz bolan 2 metr aralygy saklamaly, ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy erginleri ulanmaly. Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde, esasan-da, gartaşan adamlar saglyk ýagdaýyna has ünsli bolmaly. Pasla görä geýinmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, sagdyn iýmitlenmeli. Iýmit önümlerini maşgala üçin gerek bolan mukdarda taýýarlamaly. Olary ertesi güne galdyrmak maslahat berilmeýär. Täze taýýarlanylan iýmit önümlerini dogry kabul etmeli we sowadyjylarda saklamaly. Eger-de siz bejeriji berhizleri tutýan bolsaňyz, onda tagamlary diňe lukmanyň beren maslahatlary boýunça taýýarlamaga çalşyň! Gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Bedeniň gan basyşy, gandaky süýjiniň mukdary gözegçilikde saklanylmalydyr. M

Almanyň peýdasy

Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar. Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma hem witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar.

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalary hem-de saglygy goraýyş edaralary tarapyndan ilatyň saglygyny goramak maksady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilip gelinýär. Oba ýerlerinde maşgala lukmanlary bilen bilelikde alnyp barylýan işler has netijeli häsiýete eýe bolýar. Bagtyýar ildeşlerimiziň döwletli ojaklarynda bolup, olara dem alyş ýollaryna niýetlenen agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň ähmiýeti barada gymmatly maslahatlar berilýär.

Saglygyňyzy goraň, sagdyn boluň!

Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglanyşykly, edara-kärhanalarda, guramalarda sanitariýa talaplarynyň ýerine ýetirilmegine we degişli zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Howanyň düzümindäki ynsan saglygyna ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtükleriniň ulanylmagynyň ähmiýetiniň uly bolşy ýaly, 2 metr howpsuz araçägi saklamak we arassaçylygy berk berjaý etmek hem wajypdyr. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak, kadaly iýmitlenmek, sporty wagyz etmek babatda edýän taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp, Sarahs etrabynda wagyz-nesihat işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri hem etrap hassahanasynyň maşgala lukmanlary bilen bilelikde etrabyň ýaşaýjylarynyň öýlerine aýlanyp, olaryň arasynda düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Şeýle işleriň barşynda gyşyň dowam edýän häzirki günlerinde howa şertlerine laýyk geýinmegi, milli tagamymyz bolan burçly unaşy, şeýle-de witaminlere baý bolan gök-miwe önümlerini köpräk kabul etmegi,

Sagdynlygyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda keselleriň öňüni almak ýola goýlup, halk bähbitli uly işler durmuşa geçirilýär. Ilatymyzy dürli ýokanç kesellerden gorap, olaryň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýän derman serişdeleriniň, keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Biz saglygy goraýyş işgärleri bolup, adamlara sagdyn durmuş ýörelgeleri, arassaçylyk kadalary barada yzygider maslahatlary berýäris, düşündirýäris. Munuň özi ilatymyzyň arasynda arassaçylygyň saklanmagyna oňat täsir edýär. Şeýle hem ilatyň dogry iýmitlenmeklerini, bäbekleri ene süýdi bilen iýmitlendirmeklerini, ondan soň çaganyň aýyna-ýaşyna görä maşgala lukmanlary ýa-da şepagat uýalary bilen maslahatlaşyp, çagalaryna goşmaça iýmiti bermeklerini hem-de olara dogry ideg etmeklerini, çagalary ýaşyna görä dürli oýnawaçlar bilen oýnatmaklaryny ündeýäris. Çagalarymyz bilen dürli oýnawaçlary bilelikde oýnamak, olar uka gitmänkä kitap okap ýa-da erteki aýdyp bermek, has kiçi ýaşly çagalary bolsa hüwdi bilen hüwdüläp ýatyrmak olaryň kiçilikden ata Watanymyzy, ene topragymyzy söýmekde berk bedenli, dürs pikirli, aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ynsan bolup ýetişmeklerinde aýratyn orny bar. Dürli edara-kärhanalarda, m

Beýi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän, ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şolaryň biri-de dermanlyk häsiýeti bolan beýidir. Alymlaryň bellemeklerine görä, beýi adamlar tarapyndan iň gadymy özleşdirilen ekinleriň biridir. 4000 müň ýyl mundan ozal Aziýada ösdürilip başlanan beýi, gaty we diş gamaşdyryjy miwe hökmünde belli bolupdyr. Halklaryň özara gatnaşyklary sebäpli, bu miwe birnäçe dünýä ýurtlaryna ýaýrapdyr. 100 gr beýiniň düzümini 8.9 gr uglewodlar, 7.0 gr fruktoza hem-de glýukoza, saharoza düzýär. Beýide A, B, B2, B6, C, E, PP witaminlerden başga-da, ençeme minerallar bar. Ol kaliý duzuna baý bolup, onda onuň 144 mg golaý mukdary saklanýar. Beýi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara baýdyr. Şeýle hem şol maddalaryň ynsanyň ruhy ýagdaýynyň gowulaşmagyna, aşa tolgunmanyň çalt geçmegine oňat täsir edýändigini-de bellemelidiris. Aslynda her miwäniň özboluşly ýakymly ysy bolýar. Beýiniň hem, bişen wagty aýratyn ýakymly, özüne çekiji ysy bardyr. Beýi köp ýurtlaryň naharlarynda ulanylýar. Aslynda ol iýmesi kynrak miwe hasaplanýar. Ýöne soňky döwürde ösümlik dünýäsi bilen iş salyşýan seç

Buýan — derde derman

Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde ýurdumyzyň baý tebigy dermanlyk gory, şolaryň hatarynda buýan ösümliginiň ynsan saglygyna peýdasy, onuň ýokanç keselleriň öňüni alyjylyk, bejerijilik aýratynlyklary barada aýtdy. Milli Liderimiz buýanyň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändiginiň hem anyklanylandygyny aýtmak bilen, bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň häzirki döwürde bütin dünýä bolup garşysyna göreşilýän koronawirus ýokanjyna garşy netijeli serişdeleriň biri bolup biljekdigini nygtady. Ýurdumyzyň «ýaşyl» dermanhanasynyň ähmiýeti, şeýle-de buýan köküniň adam saglygyna peýdasy barada Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary şeýle gürrüň berýärler: Muhammetguly ATAGARAÝEW, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty:

Keselden goranmagyň düzgünleri

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy adamyň saglygy, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr. Howanyň düzüminiň üýtgemegi bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsiri peseltmek, onuň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdeleri, ýagny agyz-burun örtükleri hökman dakynylmalydyr. Şeýle-de hünärmenleriň belleýşi ýaly, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek ýokanç keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda öý bikeleri öýüň arassaçylygyna esewan edip, ýygy-ýygydan çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly, zyýansyzlandyryjy serişdelerden ýerlikli peýdalanmaly. Penjireleri açyp, otagyň içini ýelejiretmeli, ýorgan-düşekleri arassa saklamaly. Nahar taýýarlamazdan, ony saçaga äbermezden öň, daşaryk çykyp gelenden soň, elmydama elleri sabynlap ýuwmagy endik etmeli, üst-başyňy, egin-eşigiňi arassa saklamaly we möwsüme görä geýinmeli. Elleşip salamlaşmakdan, gujaklaşyp görüşmekden saklanmaly. Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapmaly. Zerurlyk ýüze çykmasa, adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan saklanmaly. Köpçülik ýerlerinde 1,5-2 metr howpsuz aralygy saklamaly.