Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde ýurdumyzyň baý tebigy dermanlyk gory, şolaryň hatarynda buýan ösümliginiň ynsan saglygyna peýdasy, onuň ýokanç keselleriň öňüni alyjylyk, bejerijilik aýratynlyklary barada aýtdy. Milli Liderimiz buýanyň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändiginiň hem anyklanylandygyny aýtmak bilen, bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň häzirki döwürde bütin dünýä bolup garşysyna göreşilýän koronawirus ýokanjyna garşy netijeli serişdeleriň biri bolup biljekdigini nygtady. Ýurdumyzyň «ýaşyl» dermanhanasynyň ähmiýeti, şeýle-de buýan köküniň adam saglygyna peýdasy barada Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary şeýle gürrüň berýärler:
Muhammetguly ATAGARAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty: