Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalary hem-de saglygy goraýyş edaralary tarapyndan ilatyň saglygyny goramak maksady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilip gelinýär. Oba ýerlerinde maşgala lukmanlary bilen bilelikde alnyp barylýan işler has netijeli häsiýete eýe bolýar.
Bagtyýar ildeşlerimiziň döwletli ojaklarynda bolup, olara dem alyş ýollaryna niýetlenen agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň, arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmegiň ähmiýeti barada gymmatly maslahatlar berilýär.