HABARLAR

Derde derman kök

Biziň Watanymyz, has, dogrusy, ene topragymyz dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Amyderýanyň goşa kenarynda buýan ösümligi näçe diýseň köpdür. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat” birleşiginiň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Buýan” obasenagat toplumy tutuş ýurdumyzy buýan köküniň melhemlik şiresi bilen üpjün edýär. Buýanyň köküniň melheminiň sowuklama bilen bagly keselleri bejerijiligi hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitabynda hem nygtalýar. Şeýle-de buýanyň kökünden taýýarlanýan melhemleriň bedeni ýokanç keselden saplamakda uly peýdasy bardyr. Gadymy döwürde tebipler, ýagny, Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlar hem böwrek, gyzzyrma, öýken kesellerinde, aşgazan-içege kesellerinde buýanyň kökünden melhemler taýýarlap ulanypdyrlar. Türkmenistandaky ýeke-täk «Buýan» obasenagat toplumynyň önümleriniň bir böleginiň daşary ýurtlara eksport edilýändigini hem belläp geçmelidiris. Buýanyň köküniň düzümindäki glisirrizin turşusynyň arassa görnüşinde alnanda, adaty gantdan 50 esse süýji bolýandygy anyklanyldy, şeýle-de buýanyň kökünden köpürjikli serişdeleri öndürmek mümkinçiligi bardyr. Buýanyň kökünden has giňişleýin peýdalanmak üç

Sogan

Sogan ynsan üçin ýokumly we sagaldyjy iýmit hökmünde bellidir. Onda dürli fermentler, kaliý duzy, şeker, fosfor, limon we alma turşulygy, A, B1, B2, PP, С witaminleri, ysy, ajysy bilen gözüň nemli bardasyny gyjyndyrýan efir ýagy bar. Ol işdäňi açýar, iýlen iýmitiň oňat siňmegi üçin suwuklyk bölünip çykyşyny güýçlendirýär. Sogan ýiti respirator, sowuklama keselleriniň öňüni alýar, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Onuň düzümindäki fitonsidler mikroblara, wiruslara, bakteriýalara garşy göreşmek häsiýetli, aşgazaniçege ýollarynyň kesellerinde, garamükürde (singada), anginada (basyk), bronhitlerde we gurçuk kesellerinde täsirini ýetirýär, ganbasyşy kadalaşdyrýar.

Saglyk size ýaran bolsun!

Agyz-burun örtügini dakynmaly. Bir gezeklik ulanylýan agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalyşmaly. Howanyň sowamagy bilen bagly ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda hökman burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly.

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Gyşda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak, howanyň derejesine laýyklykda geýinmek zerur bolup durýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howa-tozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly we sowuk howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy hem-de howanyň derejesiniň peselmegi netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär! Agyz-burun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.

Armydyň peýdasy barada

Bereketli türkmen topragy adam bedeniniň kadaly işlemegi üçin zerur bolan witaminleriň köp mukdaryny özünde saklaýan miwelere diýseň baýdyr. Düzüminde witaminleriň köp möçberini saklaýan we wirusdyr ýakymsyz howa şertlerine garşy göreşýän miweleriň biri-de armytdyr.

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Keseller howa-damja ýoly bilen köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Biz her gün otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly.

Sagdyn bolup ýaşalyň!

Howanyň sowamagy bilen baglylykda döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu günler welaýat, şäherdir etrap häkimlikleriniň ýörite meýilnamalary esasynda welaýatymyzyň çäginde wagyz-nesihat, düşündiriş işleri alnyp barylýar. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň zähmet toparlarynyň, şeýle-de şäherdir şäherçeleriň, obalaryň ilatynyň arasynda geçirilýän şeýle işleriň netijeliligi hem gazanylýar. ÄNEW. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde welaýat merkezinde ýerleşýän Milli «Ak bugdaý» muzeýinde, welaýat Medeniýet müdirliginde geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary örän täsirli boldy. Olara ady agzalan muzeýiň we müdirliginiň işgärleri gatnaşdy.

Bakjadaky dermanhana

Kädiniň peýdaly taraplary barada irki döwürlerde, taryh sahypalarynda adyny galdyran akyldarlar kän ýazypdyrlar. Oňa «Bakjadaky dermanhana» diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Kädiniň düzüminiň 90 göterimi suwdan, 10 göterimi A, C, B, B2, U, PP, T witaminlerden, karotinden, beloklardan, kletçatkalardan, minerallardan, şekerden durýar. Kädiniň düzümindäki karotin käşiriňkiden 5 esse köpdür.

Melhemleriň naýbaşysy

Ynsanlara dermanlyk ösümlikleriniň örän köp görnüşini eçilýän jomart topragymyza müň derdiň dermany bolan üzärligiň mekany diýsek hem bolar. Bu ösümligi halkymyz örän irki döwürlerden bäri howadaky ynsan saglygyna howp salýan zyýanly kesel ýaýradyjylary ýok etmek üçin ulanypdyrlar. Onuň dermanlyk ähmiýetiniň örän uludygy barada ýaşuly neslimiz täsirli gürrüň berýärler. Parasatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap, öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, hemişe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar» diýip, üzärligi irki döwürlerden bäri köp keselleri bejermekde yzygiderli peýdalanandyklary barada nygtaýar. Bu ösümligiň ysyndan zyýanly mör-möjekleriň, hatda ýylanlaryň gaçýandygy barada hem aýdylýar. Üzärligiň ysyndan zyýanly ownuk mör-möjekleriň gaçýandygyny bolsa adamlar örän gadymy döwürlerde bilipdirler. Her hili wiruslaryň adam bedenine düşmeginiň öňüni almakda üzärligiň tüssesiniň örän peýdalydygyny anyklapdyrlar.

Sagdynlygyň kadasyny berjaý et!

Ähli ýerde dilimizde söz başy,Sagdynlygyň kadasyny berjaý et! Tämizlikdir gül durmuşyň gözbaşy,Sagdynlygyň kadasyny berjaý et! Halk biz Gaýmaz Türkmen, Ibn Sinaly,Berk bedenli, syrdam, sagat synaly,Artsyn diýseň dünýämiziň zynaty,Sagdynlygyň kadasyny berjaý et!