Ynsanlara dermanlyk ösümlikleriniň örän köp görnüşini eçilýän jomart topragymyza müň derdiň dermany bolan üzärligiň mekany diýsek hem bolar. Bu ösümligi halkymyz örän irki döwürlerden bäri howadaky ynsan saglygyna howp salýan zyýanly kesel ýaýradyjylary ýok etmek üçin ulanypdyrlar. Onuň dermanlyk ähmiýetiniň örän uludygy barada ýaşuly neslimiz täsirli gürrüň berýärler.
Parasatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap, öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, hemişe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar» diýip, üzärligi irki döwürlerden bäri köp keselleri bejermekde yzygiderli peýdalanandyklary barada nygtaýar. Bu ösümligiň ysyndan zyýanly mör-möjekleriň, hatda ýylanlaryň gaçýandygy barada hem aýdylýar. Üzärligiň ysyndan zyýanly ownuk mör-möjekleriň gaçýandygyny bolsa adamlar örän gadymy döwürlerde bilipdirler. Her hili wiruslaryň adam bedenine düşmeginiň öňüni almakda üzärligiň tüssesiniň örän peýdalydygyny anyklapdyrlar.