Sagdyn iýmitlenmegiň kadalary

7 Ýanwar 2021
1929

Çagalaryň ösüşini gazanmak, saglygyny goramak we berkitmek üçin alnyp barylýan işleriň içinde olaryň dogry iýmitlenmegini guramak esasy orunlaryň birini tutýar. Eger-de, çagalaryň iýmitlenişi dogry guralmasa, onuň islegine laýyk ýa-da ýeterlik bolmasa, bedendäki maddalaryň çalşygynyň kadalylygy bozulýar. Şeýle hem bedeniň daşky dünýäniň zyýanly täsirlerine garşy göreşmäge bolan ukyby gowşaýar, ýokanç kesellere garşy göreşijiligi peselýär. Çagalaryň iýmitlenişi uly adamlaryň iýmitlenişinden ep-esli tapawutlanýar, sebäbi ol diňe bir sarp edilen iýmitiň ýerini dolmak üçin däl, eýsem ösüp barýan synalaryň, boýuň, bütin bedeniň ösmegi üçin hem zerurdyr. Mälim bolşy ýaly, adamyň bedeniniň 60% suwdan, 14% belokdan, 20% ýagdan, 1% uglewodlardan, 5% mineral maddalardan ybaratdyr. Dürli önümlerdäki ýokumly maddalaryň mukdary deň däldir, olaryň käbirlerinde belok, beýlekilerinde ýag we uglewod artykmaçlyk edýär. Beloklar — çylşyrymly jisim bolup, her bir janly öýjügiň özenidir. Beloklar et we et önümlerinde, süýtde, ýumurtgada, guş etinde bardyr we çörekde, ýarmada hem köp bolýar. Ýag bedende okislenmek bilen köp mukdardaky ýylylyk energiýasyny bölüp çykarýan esasy energetiki serişdedir. Şonuň üçin hem adamyň hemme synalarynda ýagyň bolmagy tebigydyr. Ýaglaryň özleşdirilişiniň hili olaryň nähili gyzgynlykda eredilendigine köp derejede baglydyr. 30-35°C gyzgynlykda eredilen mal ýaglary hemme ýaglardan gowy özleşdirilýär. Mal ýaglarynda A we D witaminleri bolýar. Çagalaryň gije-gündizde iýýän iýmitleriniň düzüminde 30-50% mal ýaglary bolmalydyr. Uglewodlar iýmitiň zerur bölegidir, sebäbi olar bedende döreýän energiýanyň esasy çeşmesidir. Çörek, un-ýarma önümlerinde, gök-önümlerde, miwelerde, iýmişlerde uglewodlar has köp bolýar. Akyl zähmeti bilen ýadalanda we uzak wagtlap fiziki zähmet çekilende, güýji täzeden dikeldýän şekeri çaga bedeni örän tiz özleşdirýär. Mineral maddalar hökmünde kalsiý, fosfor, demir, natriý, kaliý, ýod we beýlekileri bellemek bolar. Mineral maddalar bedeniň ösüşinde öýjükleriň we dokumalaryň döreýşinde uly orun eýeleýär. Kalsiý duzlary süňkleriň berkemegi üçin zerur bolup, çaga bedenine her gije-gündizde 1g kalsiý duzy gerekdir. Kalsiý süýtde, peýnirde, ýumurtganyň sarysynda, noýbada, kelemde örän köp bolýar.

Fosfor nerw dokumalarynyň we öýjükleriň düzümine girýär, şeýle hem uglewodlaryň çalşygyna gatnaşýar. Fosforyň bir gije-gündizde kabul edilmeli kadasy 1,5-2g ybaratdyr. Süýt, bagyr, et, peýnir, noýba, nohut fosfora örän baýdyr.

Çemen ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölümçe müdiri.