HABARLAR

Jigime

Säher tur-da, jigim jan,Irki maşklaryňy et.Diýipdirler danalar:«Herekete — bereket». Gowy ýuw el-ýüzüňi,Kemi galmasyn hijem.Arassa sakla dişiň,Agyry gelmez, bilseň.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Sagdyn durmuş - bagtyýar ýaşaýyş

Ata Watanymyz eziz Türkmenistan dünýä ýüzünde sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekany hökmünde giňden tanalýar. Bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler bu ulgamyň rowaç geljegini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde we bu ugurda ildeşlerimize şahsy görelde görkezmegi, ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň döwlet syýasatynda ilkinji orunda durýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda, welaýat merkezlerinde gurulýan saglyk öýlerini, hassahanalary, sport toplumlaryny, şeýle hem dynç alyş öýlerini göreniňde, bu Watanda ýaşaýandygyňa buýsanjyň artyp, kalbyňa rahatlyk, bedeniňe sagdynlyk aralaşyp, bu ugurlarda alyp barýan işlerimiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigine aýdyň göz ýetirýärsiň.

Möwsümleýin näsaglykdan goranalyň!

Agyz-burun örtükleri üsgürilende ýa-da asgyrylanda adamyň tüýküliginiň daşa ýaýramagynyň, howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin, näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny çäklendirmeli. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Ol hem degişli derman serişdeleriniň haýsysyny içmelidigini, wagtyny we möçberini kabul etmegini näsaga maslahat berip biler.

Sag başym — soltan başym

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. Birek-birek bilen 2 metr howpsuz aralygy saklaň!

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary etrap hassahanasynyň maslahat beriş we anyklaýyş bölüminiň newropatolog lukmany Enejan Tahyrowa we şepagat uýasy Gülnabat Akgaýewa näsaglaryň tiz sagalmagy ugrunda yzygiderli alada edýärler we olara özleriniň maslahatlaryny berýärler. Bölüme ýüz tutup gelýän näsaglar bu ýerdäki lukmanlardyr şepagat uýalaryndan hoşal bolup gidýärler. Çünki, her bir işde yhlas bar. Bölümiň lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň yhlasy ýerine-de düşýär.

Ysmanagyň saglyga peýdasy

Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler bedende witaminleriň, minerallaryň ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi bu ugurda möhüm çeşmedir. Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň iň köp duş gelýän görnüşleriniň biri hem ysmanakdyr. Ol bir ýyllyk otjumak ösümlikdir. Onuň ýabany we bakja görnüşi bar. Ýabany ysmanak ýaz paslynda tebigy ýagdaýda gögerýär. Bakja görnüşi ýörite ekilýär. Ondan dürli görnüşli milli tagamlar we işdäaçarlar taýýarlanylýar.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Almanyň saglyga peýdasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek saglygymyzyň girewidir. Şunda sagdyn iýmitlenmek hem örän möhümdir. Sagdyn iýmitlenmek kadaly iýmitlenmekdir. Oňa peýdaly miweleri iýmek hem degişlidir. Ynsan saglygyna peýdaly miweleriň biri hem almadyr. Alma ynsan ýaşaýşynda uly orun tutýar. Ol saglyga peýdaly, keselleriň öňüni almaga ýardamly, bejeriş häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Almanyň eti sowuklama, bakteriýalara, skleroza garşy, iç sürüji, peşew ýörediji, gakylyk gopduryjy, derlediji, ýara bitiriji, öt çykaryjy, ýatkeşligi gowulandyryjy täsirlere eýedir. Ol gan öýjükleriniň döreýiş, ösüş, kemala geliş hadysalaryny tijendirýär. Almanyň düzümindäki kaliý ýüregiň işini kadalaşdyrýar, pektinler bolsa içegeden zäherli maddalary, bakteriýalary, holesterini çykarýar. Bu miwe uzak wagtlap saklananda-da, düzümindäki maddalaryň täsiri ýitmeýär, pektin bolsa almanyň gabygynda-da köp saklanýar. Şonuň üçin onuň gabygyny artman iýmek peýdalydyr.

Geliň, örtüklerimizi dakynalyň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!