Gyşyň aýazly günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlara bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp peýdalanmak zerur.
Adam bedeniniň iýmiti kabul etmeklige bolan islegi hem pasla görä sazlaşýar. Mysal üçin, tomusda her bir adam uly isleg bilen garpyzdyr gawun ýaly bakja önümlerini iýmäge ymtylýar. Çünki bu döwürde beden köp suwuklygy talap edýär. Ýylyň sowuk pasyllarynda bolsa kädi, şugundyr ýaly ýokumly tagamlary kabul etmäge isleg döreýär. Diýmek, adam tagam kabul edende-de, geýnende-de, tebigat bilen sazlaşykly bolup, öz duýgularyny diňlemeli. Olara ünsli bolmaly.