Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn üns berlip, bu ugurda sanlyja ýylyň içinde uly üstünlikler gazanyldy.
Ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar.Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýip belläp geçipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi Saglygy goraýyş ulgamynda bitirilýän beýik işlerde hem özüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Sagdyn durmuş, sagdyn jemgyýet ösüşleriň baş şertleriniň biridir. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny, syýasy durnuklylygyny, halkara abraýyny artdyrýar. Jemgyýetiň aň-bilimini, medeniýetini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy barha ösýär. Bu bolsa, her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Şunda jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň sagdynlygy, edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn aň-düşünjeli nesil ýetişýär. Halkymyz çaganyň saglygyny doglan gününden alada edipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda çaga doglan gününden lukmanyň gözegçiligi astynda bolýar. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen pähim hem ýöne ýere aýdylmandyr.