Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş
Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek berkarar döwletimizde alnyp barylýan ähli işleriň özenini düzýär. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiz öz aýdyň beýanyny tapýar. Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň saglygynyň, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ägirt uly işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki birnäçe ugurdaş döwlet maksatnamalary bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Türkmenistana we onuň saglygy goraýyş edaralaryna dürli ýyllarda gowşurylan halkara derejeli güwänamalar muny aýdyň tassyklaýar.