Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, dikeltmek hem bejermek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik işler giň gerimde alnyp barylýar. Türkmen halky hemişe ynsan saglygyna, sagdyn durmuşa uly üns berip gelipdir. «Saglygym — baýlygym», «Saglygyň gadryny bilgil hassa bolmazdan burun» diýen pähimler hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyzda «Adam döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasydyr» diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adamlaryň saglygy, bagtyýar durmuşy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde talabalaýyk işler amala aşyrylýar. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda zerur çäreler görülýär. Bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, çagalarda köp duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň, bejermegiň täze usullary esaslandyryldy.