«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024
Saglyk ynsanyň zemin ýaşaýşynyň ähli üstünlikleriniň gözbaşydyr. Ýöne ýerden ata-babalarymyz: «Saglygym — baş baýlygym» ýa-da «Baýlygyň sakasy — saglyk» diýmändir. Elbetde, kesellemeýän adam bolmaz, esasy mesele her bir derdiň dermanynyň bolmagyndadyr. Gündogar dünýäsinde nygtalyşy ýaly, saglygyň gadyryny hassa bolmazdan öňinçä bilmegiň zerur. Munuň üçin adam öz saglygy barada gündelik alada edip gezmeli, ynsanyň saglygynyň onuň uzak ömür sürmekliginiň kepili bolup durýandygyna düşünmeli. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy şu babatda şeýle aýdýar: «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy».