HABARLAR

La­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­la­ry — ýo­ka­ry hi­liň ny­şa­ny

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­luk­la­ry­nyň bar­lag­ha­na­la­ry­na hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di. Ýa­kyn­da Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi hem şeý­le gü­wä­na­ma my­na­syp bo­lup­dy. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň de­giş­li dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Ber­len gü­wä­na­ma­lar de­giş­li dü­züm­ler­dä­ki iş­le­riň TDS ISO 9001 stan­dar­ty­nyň bel­le­nen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. ISO 9001 dün­ýä­de hi­li do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yk­rar edi­len stan­dart bo­lup, äh­li öl­çeg­ler­dä­ki eda­ra­la­ra, pu­dak­la­ra iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge, hil bo­ýun­ça yg­rar­ly­ly­gy­ny gör­k

Sepgit — saglygy berkit

• Pasla görä geýinmeli. • Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Sport we saglyk

Sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýar. Adam saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti uludyr. Az hereketlilik çagalaryň ösmegine zyýanly täsirini ýetirýär. Çagalarda az hereketlilik, ulular bilen deňeşdireniňde diňe bir fiziki taýdan däl-de, akyl taýdan hem bozulmalara getirip bilýär. Sport bolsa az hereketlilik arkaly döreýän näsazlyklaryň öňüni alýar. Hereket işjeňliginiň orta we gartaşan ýaşly adamlarda peselmegi aterosklerozyň emele gelmegine, gan damarlarynyň çeýeliginiň üýtgemegine hem-de bedende gan aýlanyşynyň bozulmagyna sebäp bolýar. Welosiped sürmek adam bedenine mahsus bolan hereketleriň uly göwrümini ýüze çykarýar. Bu bolsa biologik esaslary kemala getirmek bilen keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr.

Dertden özüňizi goraň!

Biz öz işimizi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün etmek, dürli keselleriň öňüni almak boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alyp guraýarys. Şunda ilat arasynda wagyznesihat, düşündiriş çärelerini ýola goýmaga uly ähmiýet berilýär. Esasanda, ýokanç keselleriň öňüni almakda watandaşlarymyza ýeterlik düşünje bermek maksada laýykdyr. Ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän keselleriň biride gijilewükdir. Bu kesel gijilewük sakyrtgasynyň döredýän ýokançly deri keselidir. Kesel, esasan hem, näsag bilen ýakyn galtaşykda bolnan ýagdaýynda ýokuşýar. Gijilewük sakyrtgalary deriniň astynda ýaşaýarlar we gije hereketlenýärler. Şol sebäpli, köplenç, keselçilik ýorgandüşekden, içki eşiklerden hem geçýär. Çagalara bu kesel beýleki maşgala agzalaryndan, çagalar baglarynda bolanlarynda oýnawaçlardan, tutawaçlardan, dürli ýazuw esbaplaryndan, sport enjamlaryndan ýokuşyp bilýär.

Kädiniň dermanlyk ähmiýeti

Kädini uzak wagtlap saklap bolýar. Ol birnäçe aýyň dowamynda özüniň tagamyny we peýdaly häsiýetini ýitirmeýär. Kädi az kaloriýaly önümdir. Onuň 100 gramynda 23 kkal bar. Düzümindäki witaminlerdir mineral duzlaryň käbir görnüşleriniň mukdary beýleki gök-bakja önümlerindäkiden köpdür. Karotiniň we demriň esasy çeşmesi bolan bu önümde kaliý, kalsiý, magniý, kobalt, mis elementleri we witaminleriň C, B2, B5, E, K, PP görnüşleri hem örän köp mukdarda saklanýar. Kädi görejiň kütelmeginiň, demir ýetmezçilikli ganazlygyň (anemiýa) ýüze çykmagynyň öňüni almaga ýardam edýär.

Gün şöhlesinden goranyň!

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň aşa gyzan döwründe Günüň ýiti şöhlesinden goranmak her bir adam üçin möhümdir. Şeýle howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. Haçan-da Gün şöhlesi dogry ulanylanda, bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin ondan ýerlikli peýdalanmaly. Şonuň bilen bilelikde gönümel düşýän Günden baş gaplary geýmek, saýawanlary ulanmak arkaly goranmaly. Saglygymyzy goramak üçin bular bilen çäklenmän, paslyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. Çagalara ideg edýän terbiýeçiler we ene-atalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 9-dan 11-e çenli, öýlän 18–den soň pasla görä geýnip gezelenç etmeli.

Saglyk — baş baýlyk

♦Daşardan gelnende, nahardan öň we soň ýa-da islendik iş ýerine ýetirilenden soň, elleri sabyn bilen gowy edip ýuwmaly. ♦Iş otaglaryny ýygy-ýygydan ýelejiredip, howasyny çalyşmaly, çygly mata bilen süpürip, arassalap durmaly.

Öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti

Lukmanyň maslahaty Ýurdumyzda waksina bilen öňüni alyp bolýan ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Immuno-öňüni alyş sanjymlary ýokanç kesellerden goramaklygyň özeni bolup durýar. Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi netijesinde çagada berk immunitet döreýär. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, sanjym tertibine laýyklykda, ýokanç keselleriň jemi 14 sanysynyň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Melhemli kölüň boýunda

Güneşli Diýarymyzyň Balkan welaýaty ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň ägirt köp möçberdäki gorlaryna eýe bolmak bilen birlikde, dünýäniň dürli yklymlaryna uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we gara ýollaryň, uglewodorod çig malyny akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileriň hem amatly çatrygydyr. Welaýatyň kartasyna nazar aýlanyňda, asuda tolkunyp ýatan mawy deňze-de, ululy-kiçili çeşme-çaýlara-da, belent başly daglaryň aýagujundan ýaýylyp gidýän uç-gyraksyz, mes toprakly sähralyklardyr ýaýlalara-da gözüň düşüp, ruhuň ganatlanýar. Çar ýany beýik dag gerişleri bilen gurşalan Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleriniň okgeçmez jeňňellikleridir gyrymsy tokaýlyklary, çeşme-bulaklary, Hazaryň durnanyň gözi ýaly arassa suwly hem çägesöw kenary, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň pasly baharlarda läle-reýhana gark bolýan giňişlikleri özüne jennetiň bir künjegidir diýdirýär. Bu ýerler ynsan saglygyny berkitmäge, dikeltmäge we sapaly dynç almaga giň mümkinçilikleri döredýän täsin künjeklere-de juda baý. Sebit ýerasty Ýasga köli, Uly we Kiçi Balkan daglary, Sünt-Hasar dagy, Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleri we beýleki täsinden-täsin görnüşleri bilen her bir adamy özüne maýyl edýär. Hut şonuň üçinem, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitde-de tebigatyň täsin g

Sagdynlygyň gözbaşy

— Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrmak üçin witaminlere baý bolan önümler bilen iýmitlenmeli (kädi, kelem, käşir, şugundyr, gök otlar ýaly önümleri we süýt önümlerini gündeki iýmitleriňizde ulanmaly). — Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.