Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň aşa gyzan döwründe Günüň ýiti şöhlesinden goranmak her bir adam üçin möhümdir. Şeýle howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. Haçan-da Gün şöhlesi dogry ulanylanda, bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin ondan ýerlikli peýdalanmaly. Şonuň bilen bilelikde gönümel düşýän Günden baş gaplary geýmek, saýawanlary ulanmak arkaly goranmaly.
Saglygymyzy goramak üçin bular bilen çäklenmän, paslyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli. Çagalara ideg edýän terbiýeçiler we ene-atalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 9-dan 11-e çenli, öýlän 18–den soň pasla görä geýnip gezelenç etmeli.