Melhemli kölüň boýunda

28 Awgust 2024
465

Güneşli Diýarymyzyň Balkan welaýaty ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň ägirt köp möçberdäki gorlaryna eýe bolmak bilen birlikde, dünýäniň dürli yklymlaryna uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we gara ýollaryň, uglewodorod çig malyny akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileriň hem amatly çatrygydyr. Welaýatyň kartasyna nazar aýlanyňda, asuda tolkunyp ýatan mawy deňze-de, ululy-kiçili çeşme-çaýlara-da, belent başly daglaryň aýagujundan ýaýylyp gidýän uç-gyraksyz, mes toprakly sähralyklardyr ýaýlalara-da gözüň düşüp, ruhuň ganatlanýar.

Çar ýany beýik dag gerişleri bilen gurşalan Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleriniň okgeçmez jeňňellikleridir gyrymsy tokaýlyklary, çeşme-bulaklary, Hazaryň durnanyň gözi ýaly arassa suwly hem çägesöw kenary, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň pasly baharlarda läle-reýhana gark bolýan giňişlikleri özüne jennetiň bir künjegidir diýdirýär. Bu ýerler ynsan saglygyny berkitmäge, dikeltmäge we sapaly dynç almaga giň mümkinçilikleri döredýän täsin künjeklere-de juda baý. Sebit ýerasty Ýasga köli, Uly we Kiçi Balkan daglary, Sünt-Hasar dagy, Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleri we beýleki täsinden-täsin görnüşleri bilen her bir adamy özüne maýyl edýär. Hut şonuň üçinem, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitde-de tebigatyň täsin gudratlaryny ynsan saglygynyň hyzmatynda goýmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, «Awaza» we «Mollagara» şypahanalary hem munuň buýsandyryjy güwäsidir.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.