HABARLAR

Sagdynlyga tarap müň ädim

Günüň dowamynda adamyň azyndan 5 müň ädim ýöremelidigi barada aýdylýar. Ýöne 5 müň ädimem müňlerden emele gelýär. Şonuň üçinem sagdynlyga tarap ädilýän ädimleriň her biriniň wajypdygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Ýöremek sagdynlyga barýan ýoluň iň ýeňil we amatly usulydyr. Ýörän wagtymyzda tutuşlaýyn işjeňlik ýagdaýyna geçen bedenimiz rahatlanýar. Damarlarymyz berkeýär, bu bolsa ýüregiň işini has gowulaşdyrýar.

Peýdaly maslahatlar

✓ Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek üçin paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. ✓ Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli. ✓ Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

1. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli; 2. С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli;

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Şol gün Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde hem köpugurly sport çäreleri geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Medeniýet, Bedenterbiýe we sport müdirlikleriniň guramaklarynda geçirilen çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi.

Dogry we kadaly iýmitlenmek

Sagdyn iýmitlenmek iýmit önümleriniň biodürlüligi, kabul etmegiň tertibi, mukdary, hiliniň gözegçiligi ýaly görkezijileri öz içine alýar. Iýmit önümlerinde belogyň, ýagyň, uglewodlaryň, witaminleriň we mikroelementleriň gündelik ýeterlik mukdarda bedene düşmekligi hökmandyr. Şonuň üçin hem tagam taýýarlananda düzüminde et, süýt, balyk, däneli we kösükli önümleriň bolmagy, olaryň özara sazlaşyk düzgünleriniň berjaý edilmegi zerurdyr.

Ynsan saglygynyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamy halkara ülňülere laýyklykda ösdi we özgerdi. Maşgala lukmançylygy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, häzirki wagtda has kämil derejä ýetirildi. Halkara ülňülere laýyk gelýän, tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap saglyk öýlerinde zähmet çekýän lukmanlar ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Drakunkulýoz, ýabany poliomiýelit keselleri, gyzamyk, gyzylja we gyzdyrma ýaly ýokanç keseller düýbünden ýok edildi. Bu keselleriň ýurdumyzda ýok edilendigi Halkara guramalar tarapyndan ykrar edildi we degişli güwänamalar bilen tassyklandy. Häzirki wagtda hem keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň üsti doldurylyp meýilnama goşulýar. 2016-njy ýylda popiloma wirusyna, 2019-njy ýylda bolsa pnewmokokk, rotowirus ýokançlaryna we gepatitiň A görnüşine garşy öňüni alyş sanjymlary girizildi. Mundan başga-da, möwsümleýin döreýän kesellere garşy sanjymlar döwlet tarapyndan satyn alyndy hem-de Jemgyýetçilik saglygy we iým

Saglygyň gadryny bilgil...

Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýniň. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýeriň, zyýanly endiklerden daşda duruň.

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmeli. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli.

Lukmanyň maslahaty

Derde melhem şerbetler Halk arasynda «Balygyň diriligi suw bilen» diýlen pähim bar. Suw ynsan ýaşaýşynyň hem esasy çeşmesi hasaplanylýar. Edil şonuň ýaly-da, miwe we ter gök-önümleriň şerbetleridir şireleri, süýt we süýt önümleri, çaýyň dürli görnüşleri hem bedeni taplamakda, hem-de saglygyňy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ynsanyň gündelik durmuşynda iň köp ulanýan önümi hem içgilerdir.

Güýzde saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

Güýz paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýy içmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, witaminlere baý gök we miwe önümlerini iýmegi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagy maslahat berýäris.