HABARLAR

Haweran düzündäki mukaddeslik

Ýurdumyzda düýpi öwrenilýän we aýratyn alada bilen gurşalýan binagärlik ýadygärlikleriniň biri bolan, XI — XIII — XIV asyrlar bilen senelenýän Mäne Baba kümmeti jahankeşdeleriň, taryhçylaryň, sungaty öwrenijileriň we zyýaratçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu ýadygärlik Haweran düzünde — Sarahs bilen Abiwerdiň aralygynda, has takygy, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň 7 kilometr günbatar — demirgazygynda ýerleşýär. Mäne Baba kümmeti gurluş gözelligi we mazmun gymmatlylygy taýdan beýleki binagärlik ýadygärliklerden düýpli tapawutlanýar. Bu özboluşlylyk ýadygärligiň diňe bir gurluş çözgütlerinde däl-de, eýsem, bezeg işleriniň hil taýdan kämil we dürli-dürlüliginde-de ýüze çykýar. Ajaýyp ýadygärligiň girelgesindäki — peştagyndaky syrça bezegleri, ösümlik we geometrik şekiller, hatdatlyk sungatynyň nusgalary, içki diwarlardaky reňkli bezeg işleri, töweregi ýazgyly mazar daşy we ýadygärligiň toplumlaýyn bolmagy gaýtalanmaýan bitewi monumental sazlaşygy emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde dünýä meşhur şahsyýetiň — Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Abusagyt Abulhaýryň kümmetiniň bolmagy ýadygärligiň ýokary ähmiýetini kesgitleýär.

Nusaý gadymy gala

Geçmişde ata-babalarymyz dünýä halklarynyň ençemesiniň medeniýetine, sungatyna, taryhy ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we şöhratly taryhymyzda uly yz galdyran Maşat-Misserian, Merw, Sarahs, Ürgenç, Abiwert ýaly şäherleriň hatarynda Nusaý galasy hem öz meşhur taryhy bilen tapawutlanýar. «Nusaý» sözüniň manysy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle maglumatlar bar. Araplar Orta Aziýa gelenlerinde, Nusaý şäherine hüjüm etmäge taýýarlanýarlar. Ýöne olar bu şäheri diňe zenan maşgalalaryň goraýandygyny eşidip, bu pikirinden el çekipdirler. Nusaýly zenanlaryň batyrlygyna haýran galypdyrlar, bu şähere hem «Nisa» diýipdirler. Arapça bu söz zenan diýmegi aňladýar. Hut şu pikir beýleki taryhy çeşmelerde hem gabat gelýär. Gadymy Parfiýanyň paýtagty köne Nusaý ýadygärligidir. Nusaý galasy gür ilatly we önümçiligi ýokary derejede ösen şäherleriň biri bolupdyr. Nusaý medeniýeti diňe bir şäherde ýaşaýan halkyň aňyna öz oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, oba ilatynyň hem aňyna doly ornaşypdyr.

Nesillere nusgalyk miras

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baý medeni we ruhy mirasymyzy öwrenmäge çuňňur çemeleşilip, türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiz barada maglumatlary toplamaklyga we halkymyza giňden wagyz etmeklige ähli mümkinçilikler döredildi. Şunda türkmen we hindi halkynyň taryhynda, şeýle hem Orta asyr Aziýa döwletleriniň ençemesiniň taryhynda öçmejek yz goýan Muhammet Baýram han Türkmeniň durmuş ýolunyň çuňňur öwrenilmegi babatda amal edilýän işler aýratyn buýsandyryjydyr. Görnükli döwlet işgäri, serkerde şahyr, halkymyza mahsus ajaýyp häsiýetleri bilen adygan Baýram han Türkmeniň taryhda bitiren hyzmatlary ýaşlarymyzy watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň durmuşynda we döredijiliginde şahyranalyk, çuňňur pelsepewi danalyk, adalat ugrunda göreşýän, adam mertebesine hormat goýýan ynsanperwerlik ýörelgeleri doly beýan tapypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmen edebiýatynyň Hindistandaky görnükli wekilleriniň biri hem Muhammet Baýram han Türkmendir. Baýram han türkmen we hindi halklarynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dünýägaraýşyny gözel, nepis, ajaýyp şygyrlaryna siňdiren, iki doganlyk halkyň arzyly oý-hyýallaryny, a

Seýdiniň galasynyň ýanynda

Mundan kyrk iki ýyl ozaldy. Gazetiň şol wagtky baş redaktory Kakaly Berdiýew ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: — Senem diňe redaksiýada oturma-da, eýläk-beýläk çyk. Adamlar bilen duşuş. Göwnüň açylyşar. Daşoguz, Lebap welaýatlaryndan täsirli makalalar az. Omar Sähetgylyjy ýanyňa al-da, şu welaýatlaň birine baryp gel. Bir hepde ýeter. Üýtgeşik zatlar gözüňde bolsun! Indiki hepde ýola düşüberiň...…

Taryhy baý Daşrabat

Şöhratly geçmişimizde halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösmegine ýetiren täsiri, nesillere galdyran taryhy gymmatlyklary bu günki günde ylmy taýdan yzygiderli öwrenilýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyz bize döwlet muzeýlerinde wirtual muzeýleri döredip, sanly ulgam arkaly halkymyza ýetirmäge, şeýle-de, dünýä çykarmaga ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän, türkmeniň baý taryhyny şöhlelendirýän medeni taryhy ýadygärlikleriň sanawynyň içinde Mary şäheriniň günbatar çetinde ýerleşýän Daňdanakan medeni taryhy ýadygärligi özüniň täsin gymmatlyklary bilen uly ähmiýete eýedir.

Ak binaly, aýdyň ýolly Aşgabadyň taryhy we şu güni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ýüregi Aşgabat şäheriniň medeni-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ýöredýän daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi, abraýly halkara guramalary tarapyndan doly goldamaga eýe bolmagy bilen paýtagtymyz dürli ugurly halkara derejesinde gepleşikleriň, maslahatlaryň geçirilýän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň merkezine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygy Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýy bilen gabat geldi. Aşgabat şäheri döreýiş taryhyny 1881-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylda Ashabat atly oturymly obanyň (bu obanyň 2 müň ýyldan hem köp taryhynyň bardygyny taryh ylmy tassyklaýar) we adybir galanyň çäginde düýbi tutulýar. Şol wagtky ýerli hökümet 1874-nji ýylda döredilen Zakaspi harby bölümine 1881-nji ýylda Ahalteke sebitini hem birleşdirip, Zakaspi ülkesini döredýär. Onuň merkezi hem Ashabad şäheri bolýar. 1890-njy ýylda Ahalteke uýezdine Ashabad uýezdi ady berilýär. Ashabad 1882-nji ýyldaky resminamalarda «Ashabad şäheri» diýlip atlandyrylýar.

Söz ussadyny sarpalap

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň dünýäniň ruhy-medeni gymmatlyklaryna, ösüşlerine ummasyz goşant goşan, ylymda, edebiýatda we beýleki ugurlarda meşhurlyk gazanan dana akyldarlarymyzyň, paýhasly söz ussatlarymyzyň ömri we döredijiligi, eserleri giňden öwrenilýär. Şeýle alymlaryň biri hem beýik türkmen akyldary, döwlet işgäri, serkerde şahyr Muhammet Baýram handyr. Beýik döwlet işgäri, akyldar we alym Muhammet Baýram han Türkmeniň döredijiliginde şahyranalyk we çuňňur pelsepewi pikirler inçelik bilen yzarlanýar. Ussat şahyr, akyldar, alym Muhammet Baýram han Türkmen halkymyzyň milli buýsanjydyr. Ol barada Deli uniwersitetiniň professory Ram Kişore Pandiniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly işinde: «Başga serdarlaryň hiç biri-de batyrlykda, döwleti dolandyrmak ussatlygynda, alymlykda, edebiýaty oňat bilmekde we söweş tejribesinde Baýram han bilen bäsleşip biljek däldir....» diýip belläpdir.

Soltan Sanjaryň Gyzlary

Mahmelek hatyn Mahmelek hatynyň ady Mahmelek hatyn, Mahy Mülk hatyn, Mah Mälik hatyn, Sitti hatyn ýaly görnüşlerde hem gabat gelýär. Orta asyr çeşmelerinde soltanyň beýleki gyzlaryna garanyňda, Mahmelek hatyn hakynda köpräk ýatlanylýar. Mahmelegi Soltan Sanjar öz agasy Soltan Muhammet Taparyň ogly Soltan Mahmyda durmuşa çykarypdyr.

Orta asyr Merw bazarlary

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz Ýewraziýa yklymynyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, yklymyň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde bu ýoluň öz ugrunda ýerleşen döwletleriň gülläp ösmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolandygy beýan edilýär. Ýurdumyzyň bu ýoluň boýundaky möhüm söwda-aragatnaşyk merkezi bolandygyny bu gün dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär.

Baýram han türkmen — edermenligiň we wepadarlygyň nusgasy

Häzirki bagtyýarlyk döwründe beýleki beýik şahsyýetlerimiz bilen bir hatarda Baýram han Türkmeniň ömri we döredijiligini öwrenmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa mysal edip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň iýun aýynda bu beýik şahsyýetiň ömür-döredijiligini öwrenmäge bagyşlanan «Baýram han we Mogollar şadöwleti» atly halkara ylmy maslahatyny aýdyp bolar. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda «Garagoýunly türkmenlerinden gelip çykan hanlar hany Baýram hanyň, onuň ogly Abdyrahym hanyň Beýik Mogollar şadöwletiniň berkemeginde we ösmeginde bitiren hyzmatlary çäksizdir» diýip bellemek bilen, hanlar hany Baýram han Türkmeniň hem-de onuň ogly Abdyrahym hanyň Mogollar şadöwletiniň ösmeginde we berkemeginde bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berdi. Taryhy maglumatlar hanlar hany, parasatly döwlet işgäri, başarjaň serkerde, beýik şahyr, dana atalyk hökmünde tanalýan Muhammet Baýram han Türkmeniň XVI asyryň başlarynda Hindistan topraklaryna gelen Muhammet Zahyreddin Babyr tarapyndan esaslandyrylan Mogollar şadöwletiniň berkemeginde bitiren hyzmatlarynyň uludygyny subut edýärler. Mälim bolşy ýaly, Baýram han Türkmen bu şadöwleti esaslandyryjy Muhammet Babyryň başarjaň serkerdesi, onuň ogly Humaýunyň bolsa wepaly egindeşi, agtygy Ekberiň