Hormatly Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Dünýä taryhynda öçmejek ýazgy galdyran Nusaý şalygynyň gadymy topragynda, häzir III müňýyllygyň başynda döwrüniň beýik taglymatlaryna ygrarly, dünýäde giňden meşhur bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri ýerleşýär» diýip belleýär. Aşgabat hakykatdan hem döwletli mekanda, siwilizasiýalaryň dörän topragynda ýerleşýär. Aşgabadyň we onuň töwereklerinde ýerleşen Parfiýa döwrüniň ýadygärlikleri Täze we Köne Nusaýyň gatlaklaryndan tapylan keramika önümlerini deňeşdirmek esasynda (b.e. öňki III — b.e. III asyrlary) senelenýär. XX asyryň ortalarynda arheolog M.Ý.Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta Türkmenistanda toplumlaýyn ekspedisiýasy gadymy Nusaý şäherinde gazuw-agtaryş işlerini alyp barypdyr. Şonuň netijesinde, ol ýerden «Nusaý arhiwi» diýlip atlandyrylýan toýun bölekleriniň ýüzüne ýazylan ýazgylar tapyldy. Alym doganlar I.M.Dýakonow, M.M.Dýakonow we W.A.Liwşis dagy olaryň ýüzündäki hatlary okamany başarypdyrlar. Ondaky ýazgylaryň berýän maglumatlaryna görä, Aşgabat şäheriniň çäginde Parfiýa döwletine degişli berkitmeleriň, galalaryň we daşy berkidilen obalaryň 38 sanysynyň, üzümçilik meýdanlarynyň töweregindäki obalar bilen birlikde hasaplananda 53 sanysynyň sanawy ýüze çykarylypdyr. Bu maglumatlary arheologlaryň Aşgabadyň çäginden we onuň töwereklerinden Parfiýa döwletine degişli 42 sany ýadygärlikden keramikalary tapmagy hem tassyklaýar. Olaryň biri Aşgabatdan gündogarda Änew ýolunyň ugrunda ýerleşen Ýaşyldepe I ýadygärligidir. Ol diňe çaklama esasynda 7 sany diňiň (6 sanysy harabaçylykly ýagdaýda saklanyp galan) galyndysynyň esasynda anyklanylypdyr. Şäherçäniň gündogar tarapynyň merkeziniň peselip durmagy şol ýerde derwezäniň bolandygyndan habar berýär. Ýaşyldepäniň diwarlary we diňleri göwrümi 40 — 40 — 12 santimetr bolan çig kerpiçden gurlup, özüniň galyňlygy bilen haýran galdyrypdyr. Bu berkitme 6 — 7 metr belent ýerde ýerleşip, görnüşine görä diwarda ýörite deşijekler bolupdyr. Şäherçäniň demirgazyk burçunda gizlin çykalga hökmünde ulanylan diwaryň üsti açylypdyr. Diwarlarda we diňlerde öňe çykyp duran burçlary bolupdyr. Diwar 1,5 — 2 santimetre golaý galyňlykdaky suwag bilen suwalypdyr. Kerpiçleriň köp bölegine saman garylypdyr we biri-birine birikdirenlerinde palçyga saman garman örüpdirler. Şeýle hem, şäherçäniň töwereginde daşy berkidilmedik düşelgeleriň yzy tapylypdyr.
Kerpijiniň we onuň örülişiniň görnüşi boýunça Parfiýa döwrüne degişli ikinji berkitmäniň harabaçylygy Köşiniň merkezinde ýerleşipdir. Bu şäherçe Könegala I diýlip atlandyrylypdyr. Toplumyň merkezinde abat galan ýeriniň beýikligi 13 metre ýetipdir. Ol ýerde gaty bir uly bolmadyk keramiki peç we hatar edilip goýlan uly humlar saklanyp galypdyr. Şol humlaryň käbirleriniň içinde gara bölejikleriň tapylmagy olarda däne saklanandygyndan habar berýär. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabadyň 16-njy tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýan döwründe lagym akdyryjy garymlaryň gazylýan wagtynda hem 2 metr çuňlukda beýikligi 1,5 — 2 metr bolan üç sany humuň tapylmagy olaryň Könegala I ýadygärliginiň galyndylarydygyny doly tassyklan bolsa gerek.