Watansöýüjilik terbiýesinde «Görogly» şadessanynyň ähmiýeti

24 Mart 2021
2710

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilige we şahandazlyga uly sarpa goýulýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesillere, Watan ogullaryna watansöýüjilik terbiýesini bermek barada hormatly Prezidentimiziň saýasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Islendik halkyň geçmişi onuň ruhuna siňen döredijiliginde jemlenýär. Her bir halkyň ölmez-ýitmez ruhy mukaddeslikleri kalbynyň töründe baky ýer tutýar. Olar asyrlarboýy ýaşap, gahrymanlaryň, danalaryň kemal tapan döwürlerinden biziň günlerimize ýetip gelip, ýaş nesilleri terbiýelemäge ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Ol terbiýäniň esasyny düzýän iň beýik gymmatlyk bolsa watansöýüjilikdir.

Edil beýleki döwletlerde bolşy ýaly, biziň halkymyzyň hem watansöýüjilige ýugrulan, milli ruhda terbiýe bermegiň esasyny düzýän halk döredijilik eserlerimiz ýaş nesilleri terbiýelemekde Oguz eýýamyndan biziň şu günlerimize gelip ýeten milli terbiýäniň özenini düzýär. Halk döredijilik eserleriniň arasynda bolsa, watansöýüjiligi, halallygy, ar-namyslylygy, ylma-bilime sarpany, edermenligi, gaýduwsyzlygy bir ýerde jemleýän eser, häli-häzire çenli türkmen halkynyň aňynda ýaşaýan batyrgaý, garadan gaýtmaz gahrymany onuň Göroglusydyr. «Görogly» şadessany halkyň geçmiş taryhyndaky ykbaly, buýsançly ýoludyr. Onda beýan edilýän wakalaryň watançylyk duýgusyna ýugrulmagy ýöne ýerden däldir.

Azat ALTYÝEW,
podpolkownik.