Geçmişde ata-babalarymyz dünýä halklarynyň ençemesiniň medeniýetine, sungatyna, taryhy ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we şöhratly taryhymyzda uly yz galdyran Maşat-Misserian, Merw, Sarahs, Ürgenç, Abiwert ýaly şäherleriň hatarynda Nusaý galasy hem öz meşhur taryhy bilen tapawutlanýar. «Nusaý» sözüniň manysy barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle maglumatlar bar. Araplar Orta Aziýa gelenlerinde, Nusaý şäherine hüjüm etmäge taýýarlanýarlar. Ýöne olar bu şäheri diňe zenan maşgalalaryň goraýandygyny eşidip, bu pikirinden el çekipdirler. Nusaýly zenanlaryň batyrlygyna haýran galypdyrlar, bu şähere hem «Nisa» diýipdirler. Arapça bu söz zenan diýmegi aňladýar. Hut şu pikir beýleki taryhy çeşmelerde hem gabat gelýär.
Gadymy Parfiýanyň paýtagty köne Nusaý ýadygärligidir. Nusaý galasy gür ilatly we önümçiligi ýokary derejede ösen şäherleriň biri bolupdyr. Nusaý medeniýeti diňe bir şäherde ýaşaýan halkyň aňyna öz oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, oba ilatynyň hem aňyna doly ornaşypdyr.